HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Turkmen Expo» HK çagalar dükanlaryny we okuw merkezlerini işewürlik duşuşygyna çagyrýar

Iýun 06, 2024 | 14:15 |22718
2024-nji ýylyň 19 – 22-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy ilkinji gezek geçiriler, «Turkmen Expo» HK bu çäräniň guramaçylarynyň biri hökmünde çykyş edýär.2024-nji ýylyň 19 – 22-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy ilkinji gezek geçiriler, «Turkmen Expo» HK bu çäräniň guramaçylarynyň biri hökmünde çykyş edýär.
Çeşme: «Turkmen Expo» HK tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 19 – 22-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy ilkinji gezek geçiriler, «Turkmen Expo» HK bu çäräniň guramaçylarynyň biri hökmünde çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Turkmen Expo» HK çagalar harytlary we hyzmatlary pudagynda işleýän telekeçiler üçin işewürlik duşuşyklaryny yzygiderli geçirýär, olaryň nobatdakysy 8-nji iýunda sagat 11:00-dan 13:00-a çenli dowam eder.

Geçiriljek ýeri: «Arkaç» işewürlik merkezi, 2-nji gatda ýerleşýän «Iş Nokady» koworking merkezi.

Işewürlik duşuşygynda çagalar we ene-atalar üçin harytlaryň hem-de hyzmatlaryň sergi-ýarmarkalaryna gatnaşmagyň täsirli usullary we bu ugurda işewürligi ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Oňa gatnaşyjylar ýerli we halkara derejesinde işewürligiň çagalar pudagynda önümleri we hyzmatlary ilerletmek üçin gural hökmünde sergilere gatnaşmak barada kompaniýanyň hünärmenlerinden gymmatly bilimleri we peýdaly endikleri öwrenip bilerler. Şeýle hem serginiň çäklerinde meýilleşdirilen goşmaça çäreler – ene-atalar üçin forumlar, kiçi ýaşly çagalar üçin ussatlyk sapaklary, kompýuter tehnologiýalary boýunça ýetginjekler üçin synaglar ara alnyp maslahatlaşylar.

«Turkmen Expo» kompaniýasy bilen çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda peýdaly bilim almak we işewürlik mümkinçilikleriňizi giňeltmek pursatyny elden gidirmäň!

Orunlar çäklidir.

Has giňişleýin maglumat almak üçin info@turkmenexpo.com elektron poçta arkaly habarlaşyp bilersiňiz ýa-da +99362006200 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026