HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen telekeçileri “Hytaý-Ýewraziýa” halkara sergisine çagyrylýar

Iýun 01, 2024 | 09:50 |15730
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 26-30-njy iýunynda HHR-niň Urumçi şäherinde geçiriljek “Hytaý-Ýewraziýa” 8-nji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 26-30-njy iýunynda HHR-niň Urumçi şäherinde geçiriljek “Hytaý-Ýewraziýa” 8-nji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.
Çeşme: tstb.gov.tm

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 26-30-njy iýunynda HHR-niň Urumçi şäherinde geçiriljek “Hytaý-Ýewraziýa” 8-nji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

Bu çärä hytaý-ýewraziýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ilerletmek üçin möhüm meýdança bolup durýar. Sergi Hytaýyň we Ýewraziýa ýurtlarynyň işewür wekillerine täze harytlar we tehnologiýalar bilen tanyşmaga, şeýle hem hyzmatdaş tapmaga mümkinçilik berýär.

2024-nji ýylda bu sergi has giň möçberde geçiriler. Sergi meýdançasy 100 müň inedördül metr meýdany eýelär we onda 3 sany esasy bölek:

Maýa goýum hyzmatdaşlygynyň sergi bölegi;

Halkara sergi bölegi;

Energetika, maşyngurluşyk, tekstil we egin-eşik, sanly tehnologiýalar, oba hojalyk we azyk önümleri, medeniýet we syýahatçylyk ýaly ýöriteleşdirilen pudaklaýyn sergi bölümleri dörediler.

Eksport sergisiniň dowamynda açylyş dabarasy hem-de “Týan-şan” forumy ýaly möhüm çäreler, şeýle hem degişli ulgamlar boýunça maslahatlar, hytaý we daşary ýurt medeniýetleriniň hepdeligi hem-de maýa goýumlary çekmek boýunça çäreleriň toplumy geçiriler.

Gatnaşmaga isleg bildirýänler +99312 21-23-64/75 belgiler boýunça ýüz tutup bilerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026