HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Startaplaryň bäsleşigi: innowasion telekeçiligiň baýramçylygy!

Maý 31, 2024 | 11:46 |10444
Tehniki ösüş biziň durmuşymyzy amatly edýär, dürli innowasiýalary döredýän höwesjeňler toparlary-startaplar bolsa tehniki ösüşiň möhüm hereketlendirijileri bolup durýar.Tehniki ösüş biziň durmuşymyzy amatly edýär, dürli innowasiýalary döredýän höwesjeňler toparlary-startaplar bolsa tehniki ösüşiň möhüm hereketlendirijileri bolup durýar.
Çeşme: demodaytm.com

Tehniki ösüş biziň durmuşymyzy amatly edýär, dürli innowasiýalary döredýän höwesjeňler toparlary-startaplar bolsa tehniki ösüşiň möhüm hereketlendirijileri bolup durýar.

Tehniki ösüşi tizleşdirmek üçin startaplara dürli goldawlary berýärler, meselem: biznes-inkubatorlar pikiri durmuşa geçirmäge ýardam edýärler.

Türkmenistandaky ilkinji hereket edýän “StartUp Academy” ýakynda özüniň döredilen gününiň 4 ýyllygyny belläp geçer. Bu şatlykly waka 10-njy biznes-inkubator maksatnamasynyň jemleýji tapgyryna gabat gelýär. Bu goşa baýramy StartUp Academy 2024-nji ýylyň 2-nji iýunynda geçiriljek bäsleşigiň çäklerinde bellär.

4 ýylyň içi StartUp Academy 90 startap taslamany işläp taýýarlady, maksatnama bolsa 160-dan gowrak adam gatnaşdy.

Maksatnama özünde birnäçe okuw maslahatlaryny we geňeşmeleri jemleýär. Oňa gatnaşyjylar bolsa işewürlik nusgasyny, durmuşa geçirmegiň görnüşini, toparyň düzümini we maliýe görkezijileriň hasaplamalaryny nazara almak bilen özleriniň startap taslamalaryny taýýarlaýarlar.

Şu gezekki 10-njy ýubuleý Maksatnama 15 sany ýaş işewürler gatnaşyp olar 7 hepdäniň dowamynda öz taslamalaryny işläp taýýarlarlar hem-de eminler toparynyň garamagyna hödürlärler.

Bu maksatnama eýýäm ençeme gezek Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Bu merkez öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen gurama bolup ýurdumyzyň tehniki we ykdysady ösüşini ösdürmegi maksat edinýär.

Çärä ähli isleg bildirýänler gatnaşyp biler.

Tölegsiz petegi almak üçin şu onlaýn görnüşe ýazylmaly: https://forms.gle/UUDVjhkVnafhCymf9

Has giňişleýin maglumaty şu salgyda arkaly alyp bolýar www.demodaytm.com

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026