HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Energetiki geçiş – geljegiň energiýasy» atly göçme sergi

Maý 29, 2024 | 10:51 |15883
Germaniýa Federal Respublikasynyň ilçihanasy Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ), şeýle hem Aşgabatdaky Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilen bilelikde paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Energetiki geçiş – geljegiň energiýasy» atly göçme sergä çagyrýar.Germaniýa Federal Respublikasynyň ilçihanasy Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ), şeýle hem Aşgabatdaky Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilen bilelikde paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Energetiki geçiş – geljegiň energiýasy» atly göçme sergä çagyrýar.
Çeşme: GFR-iň ilçihanasy tarapyndan berlen

Germaniýa Federal Respublikasynyň ilçihanasy Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ), şeýle hem Aşgabatdaky Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilen bilelikde paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Energetiki geçiş – geljegiň energiýasy» atly göçme sergä çagyrýar. Sergi interaktiw sanly görnüşde geçiriler we tanyşmak üçin türkmen, rus, nemes, iňlis dillerinde elýeterli bolar.

Dünýäniň köp ýurtlarynda geçirilen bu sergi energetika ulgamlarynyň dekarbonizasiýa mowzugyna, şeýle hem energetiki geçişiň kynçylyklaryna we mümkinçiliklerine bagyşlanýar. Esasy üns energiýa üpjünçiligini nädip ygtybarly, elýeterli we durnukly edip boljakdygyna gönükdirilendir.

Sergä gatnaşyjylar syýasat, ylym, jemgyýet we ykdysadyýet ulgamlaryna degişli dürli garaýyşlar bilen tanyşdyrylar. Sergi geljegiň durnukly energetika ulgamy üçin tehnologik işläp düzmeler, syýasat strategiýalary we jemgyýetçilik başlangyçlary barada düşünje bermegi göz öňünde tutýar.

Sergä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň sergi zalynda 4-nji iýundan (sagat 13:00-dan) 25-nji iýuna (18:00-a) çenli baryp görüp bilersiňiz. Salgysy: Bekrewe (2211) köç., 180, 744032 Aşgabat. Zalyň işleýän wagty: duşenbeden anna gününe çenli, 09:00-dan 18:00-a çenli.

Giriş mugt, hasaba alynmak talap edilmeýär.

Aşgabatda serginiň wagty tamamlanandan soň, sergi Maryda görkeziler.

Has giňişleýin maglumatlary şu saýtda tapyp bilersiňiz www.energiewende-global.com

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026