HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygynda türk işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Maý 25, 2024 | 09:25 |14146
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Muhammetnur Owezow Türki Dünýäsiniň işewirleri Assosiasiýasynyň (TÜRKGİAD) ýolbaşçylary bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Muhammetnur Owezow Türki Dünýäsiniň işewirleri Assosiasiýasynyň (TÜRKGİAD) ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygy tarapyndan berildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Muhammetnur Owezow Türki Dünýäsiniň işewirleri Assosiasiýasynyň (TÜRKGİAD) ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz baglanyşyklaryna esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň täze ösüşlere eýe bolýandygyny bellediler. Söhbetdeşler soňky ýyllarda türkmen-türk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga baý we oňyn hyzmatdaşlygyň tejribesi toplanandygyny nygtadylar.

Şeýle hem taraplar, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty pudaklary, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda täze mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler.

Mundan başga-da, häzirki wagtda ylym-bilim we ýokary tehnologiýa babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üstünlikli amala aşyrylýandygyny we olaryň özara bähbitli gatnaşyklaryň şaýatlyk edýändigi bellenildi. Şu nukdaýnazardan, Türki Dünýäsiniň işewirleri Assosiasiýasynyň (TÜRKGİAD) wekilleri, Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda bilim almak isleýän türkmen ýaşlary üçin hem ähli şertleriň bardygyny hem bellediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Braziliýada prezident saýlawlary ikinji tapgyra geçýär

Braziliýada prezident saýlawlary ikinji tapgyra geçýär

20:00 Oktýabr 05, 2026
Ysraýyl Flydubai uçarynda bolan hüjümden soň daşary ýurt gatnawlary üçin howpsuzlyk çärelerine täzeden sereder

Ysraýyl Flydubai uçarynda bolan hüjümden soň daşary ýurt gatnawlary üçin howpsuzlyk çärelerine täzeden sereder

18:00 Oktýabr 05, 2026
Najaf howa menzili Eýrana gündelik gatnawlaryny täzeden ýola goýýar

Najaf howa menzili Eýrana gündelik gatnawlaryny täzeden ýola goýýar

16:00 Oktýabr 05, 2026