HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ida dagy: taryhyň, medeniýetiň we tebigatyň birleşýän ýerinde ekologiýa taýdan arassa dynç alyş

Maý 25, 2024 | 08:58 |20629
Türkiýäniň demirgazyk günbatarynda Çanakkale we Balykesir welaýatlarynyň arasynda ýerleşýän Ida daglary “Kislarod gümmezi” ady bilen meşhurdyr. Bu ýerde tokay ösümlik we haýwanat dünýäsi üçin amatly ýaşaýyş gurşawy bar. Ida daglaryna syýahat edeniňizde bu ýerleriň taryhy, medeniýeti we tebigy gözellikleri sizde uly täsir galdyrar. Ajaýyp tebigy gözelliklerden başga-da, siz gadymy obalar bilen tanşyp, ýerli aşhananyň tagamlaryndan dadyp bilersiňiz.Türkiýäniň demirgazyk günbatarynda Çanakkale we Balykesir welaýatlarynyň arasynda ýerleşýän Ida daglary “Kislarod gümmezi” ady bilen meşhurdyr. Bu ýerde tokay ösümlik we haýwanat dünýäsi üçin amatly ýaşaýyş gurşawy bar. Ida daglaryna syýahat edeniňizde bu ýerleriň taryhy, medeniýeti we tebigy gözellikleri sizde uly täsir galdyrar. Ajaýyp tebigy gözelliklerden başga-da, siz gadymy obalar bilen tanşyp, ýerli aşhananyň tagamlaryndan dadyp bilersiňiz.
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Türkiýäniň demirgazyk günbatarynda Çanakkale we Balykesir welaýatlarynyň arasynda ýerleşýän Ida daglary “Kislarod gümmezi” ady bilen meşhurdyr. Bu ýerde tokay ösümlik we haýwanat dünýäsi üçin amatly ýaşaýyş gurşawy bar. Ida daglaryna syýahat edeniňizde bu ýerleriň taryhy, medeniýeti we tebigy gözellikleri sizde uly täsir galdyrar. Ajaýyp tebigy gözelliklerden başga-da, siz gadymy obalar bilen tanşyp, ýerli aşhananyň tagamlaryndan dadyp bilersiňiz.

Ajaýyp tebigatda işjeň dynç alyş

Ida dagyna gelýän syýahatçylary dünýäde kislarodyň iň ýokary derejede jemlenen ýeri bolan ajaýyp tokaýlara gezelençler özüne çekýär. 21 müň gektar meýdany eýeleýän Kazdagy milli parkynyň içinden birnäçe pyýada ýodalar geçýär. Bu çäkler tebigaty söýüjileriň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Bu ýerlerde her ädimde diýen ýaly gözel künjekler duş gelýär. Iň meşhur pyýada ýodalar Hasanboguldu kölüne, Şahindere jaryna, Sütüwen we Myhly şaglawuklaryna eltýär. Syýahatçylar bu ýerde pknikleri guraýarlar, haýwanat dünýäsine syn edýärler we ýatdan çykmajak fotosuratlary çekýärler. Ida dagynyň gözelliklerinden kempingde hem lezzet alsaň bolýar. Munuň üçin ýörite bölünip berlen ýerde çadyp gurup, ýa-da agaç öýlerde ýaşap bilersiňiz.

Ýerli durmuş bilen tanyşlyk

Ida dagyna syýahat gök bürenip oturan obalar bilen tanyşmak üçin hem mümkinçilikdir. Dag eteklerinde 12 sany oba ýerleşip olaryň her birinde ýerli aşhananyň tagamlaryny hödürleýärler. Aýratyn rahat dynç almagy isleýän syýahatçylar gadymy daş öýlerden guralan butik myhmanhanalarda ýa-da pansionlarda galyp bilerler. Çanakkaleniň iň meşhur obalarynyň arasynda Ýeşilýurt we Adatepe obalaryna bellemek bolar.

Ýeşilýurt obasy daşdan salnan jaýlary, daş düşelen köçeleri, badam we zeýtun agaçlary, şeýle hem ýerli aşhanasy, ilkinji nobatda bolsa zeýtunly we zeýtun ýagynda taýýarlanan ertirlik naharlary bilen meşhurdyr. Küçükkuýu şäheriniň töweregindäki Adatepe obasy syýahatçylaryň arasynda özüniň saklanyp galan gadymy jaýlary bilen meşhur boldy. Bu ýerlere geleniňizde zeýtun ýagynyň muzeýine baryp görmek mümkinçiligini sypdyrmaň.

Küçükkuýu şäherine girilýän ýerde ýerleşýän muzeýde häzirki wagtda bolşy ýaly, gadymyýetde hem gymmatly bolan zeýtun ýagy barada gürrüň berilýär. Mundan başga-da, günüň dogýan we ýaşýan wagtlarynda ajaýyp görnüşleri synlamak bolýar. Ida dagynyň ýanyndaky obalaryň bazarlarynda ýerli we sebit önümleri, şol sanda senetçilik we ekololgiýa taýdan arassa önümler satylýar.

Şeýle hem Çanakkale syýahatyň dowamynda Gomeriň “Illiadasynda” Troýa söweşiniň ýerli hökmünde taryp edilen gadymy Troýany group bilersiňiz. Ol ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Troýa muzeýinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan we bu sebitiň medeniýetini açyp görkezýän taryhy tapyndylar bilen tanyşdyrylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026