HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti sanly senagat pudagy boýunça Russiýanyň maslahatyna gatnaşýar

Maý 27, 2024 | 10:08 |13641
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsuly Güýç Garaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nižniý Nowgorodda geçirilýän «Senagat Russiýasynyň sanly senagaty» (CIPR-2024) maslahatyna gatnaşýar.Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsuly Güýç Garaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nižniý Nowgorodda geçirilýän «Senagat Russiýasynyň sanly senagaty» (CIPR-2024) maslahatyna gatnaşýar.
Çeşme: expert.ru

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsuly Güýç Garaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nižniý Nowgorodda geçirilýän «Senagat Russiýasynyň sanly senagaty» (CIPR-2024) maslahatyna gatnaşýar.

Türkmen konsuly Nižegorod oblastynyň halkara we sebitara gatnaşyklar ministri Olga Gusewa bilen duşuşdy. Duşuşyk Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Nižniý Nowgoroddaky wekili Sergeý Malowyň gatnaşmagynda geçirildi.

Türkmenistan Russiýanyň bu sebitiniň möhüm strategiki hyzmatdaşydyr.

Türkmen kärhanalary Nižegorod oblastynyň kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmen talyplarynyň agramly bölegi sebitdäki ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

«Senagat Russiýasynyň sanly senagaty» maslahaty Russiýada sanly ykdysadyýet pudagyna degişli iň iri bäş çäräniň biri bolan wekilçilikli işewürlik çäresidir.

Bu çäre köp ýyllaryň dowamynda jemgyýetiň we ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň sanly özgertmelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy meýdança boldy. CIPR – bu bazaryň öňdebaryjylarynyň duşuşýan we ösen tejribäniň, tehnologiýalaryň hem-de pikirleriň alyşylýan ýeridir.

Bu maslahat iri we orta kärhanalaryň, başlangyç jemgyýetleriň, ylym we sanly sungat ulgamlarynyň sanly ykdysadyýetde öňdebaryjy wekillerini bir ýere jemleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026
Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

13:00 Noýabr 11, 2026