Türk aşhanasynyň hepdeligi dünýäni Egeý sebitiniň tagamlary bilen tanyşdyrýar


Anadolynyň baý gastronomiki medeniýetini öz içine alýan Türk aşhanasynyň hepdeligi 2024-nji ýylyň 21-nji maýyndan 27-nji maýyna çenli bütin dünýäde belleniler. Hepdeligiň dowamynda dünýä belli bu aşhananyň tagamly, sagdyn milli we galyndysyz naharlary Türkiýe Respublikasynyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda geçiriljek dürli çärelerde hödürlener.
Türkiýäniň Egeý kenarýakasy, zümerret we goýy gök reňkli ajaýyp peýzaž gözel tebigaty, gadymy taryhy we sagdyn iýmit medeniýeti bilen ünsi özüne çekýär. 2010-njy ýylda ÝUNESKO Ortaýer deňziniň berhiz usulyny adamzadyň maddy däl medeni mirasy hökmünde ykrar etdi. Bu kenarýaka sebitleri artişok, sukkini güli, ýerli ösümlikler we köp sanly deňiz önümleri bilen meşhurdyr. Egeý sebiti köp asyrlyk zeýtun agaçlary we peýdaly zeýtun ýagy bilen hem bellidir.
Türkiýäniň Egeý sebiti özboluşly ýerdir, bu ýerde ajaýyp durmuşdan lezzet alyp, tagamly zeýtun ýagyny we golaýdaky üzümçiliklerde ösýän üzümi dadyp bilersiňiz. Soňky ýyllarda sebitde açylan restoranlarda ýakyn meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilýän we ekologiýa taýdan arassa önümçilik usullary arkaly göni stoluň başyna getirilýän önümlerden aşpezlik täsinliklerini döredýän aşpezler işleýärler.

Egeý menýusy sebitdäki bolçulygy alamatlandyrýan we adaty sagdyn, peýdaly Ortaýer deňziniň berhiz usulyny şöhlelendirýän tagamlardan ybaratdyr. Olara Egeý zeýtuny we peýniri, tarhana çorbasy, fawa, byzmyklar, zeýtun ýagynda taýýarlanan ýaşyl noýba, zeýtun ýagynda taýýarlanan içi üwelen etli burç, gözleme (ösümlikli byzmyk), ösümlikler bilen bişirilen beýleki önümler, krewetkalardan tagam, Izmir usulynda köfte, injir uýutmasy (guradylan injir, süýt we şeker bilen taýýarlanýar), somata (ajy badamdan şerbet) we sübaý (gawun şigitlerinden şerbet) degişlidir. Çärä gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türk kofesi we türk çaýy bilen hem tanyşarlar.

Türkiýede Türk patent instituty tarapyndan jemi 2218 önüm hasaba alyndy, şolardan 1637 önümiň gelip çykyşynyň düşündirişi, 565 önümiň görkezilen geografiki ýer belligi bar, 16 önümiň bolsa kepillendirilen ýöriteleşmesi bolan milli önümdir. Şeýle hem bu ýurtda Ýewropa Bileleşiginde (ÝB) hasaba alnan 21 önüm bar. Olar: Gaziantep baklawasy, Aýdyn kestanesi (kaştan) we Aýdyn injiri, Baýramiç beýazy (nektariniň bir görnüşi), Malatýa kaýysysy (erik), Milas zeýtinyağı (zeýtun ýagy), Taşköprü sarımsağı (sarymsak), Giresun tombul fındığı (ýagly pisse), Antakýa künefesi, Suruj nary, Çağlayancerit cevizi (hoz), Gemlik zeytini (zeýtun), Edremit Körfezi yeşil çizik zeytini (Edremit aýlagynda ösýän çyzykly ýaşyl zeýtun), Aýaş domatesi (pomidor), Maraş tarhanasy (tarhana), Ezine peyniri (peýnir), Safranbolu safran (safran), Aýdyn Mejik zeytinyagi (zeýtun ýagy) we Araban sarymsagy.

Türk aşhanasy dürli saklaýyş we taýýarlaýyş tehnologiýalary bolan ýokary hilli tebigy önümleri öz içine alýan ajaýyp gastronomiki däp bolup, wegetarian we wegan berhiziniň köp sanly görnüşlerini hödürleýär.
ORIENT news








