Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Almaty şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Maý 20, 2024 | 10:42 |11662
Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Almaty şäherinde ýerleşýän Al-Faraby adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy – Gündogar edebiýatynyň söz ussady» atly halkara maslahat gurady.Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Almaty şäherinde ýerleşýän Al-Faraby adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy – Gündogar edebiýatynyň söz ussady» atly halkara maslahat gurady.
Çeşme: kazakhstan.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Almaty şäherinde ýerleşýän Al-Faraby adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy – Gündogar edebiýatynyň söz ussady» atly halkara maslahat gurady. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Maslahata Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylygy, Gazagystanda işleýän ilçiler we baş konsullar, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenýän gazak alymlary, meşhur ýazyjylar, filologlar we filosoflar gatnaşdylar.

Maslahatyň myhmanlary öz çykyşlarynda giň halkara jemgyýetçiligini Magtymgulynyň täsin eseri bilen tanyşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny, munuň akyldar şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna girizilen baý we bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Maslahatyň çäklerinde amaly-haşam, şekillendiriş we fotosurat sungatlarynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Şeýle hem kitap tekjelerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň eserleri, şol sanda Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy hödürlendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026