HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Marokkonyň wekili ýaş aşpezleriň Ýunus Ahmetzýanow adyndaky bäsleşiginiň baş baýragyny aldy

Maý 19, 2024 | 11:40 |11477
KazanForum-2024-de şu ýyl halkara derejesinde geçirilen Ýunus Ahmetzýanow adyndaky ýaş aşpezleriň bäsleşiginiň jemleri jemlenildi.KazanForum-2024-de şu ýyl halkara derejesinde geçirilen Ýunus Ahmetzýanow adyndaky ýaş aşpezleriň bäsleşiginiň jemleri jemlenildi.
Çeşme: tatar-inform.ru

KazanForum-2024-de şu ýyl halkara derejesinde geçirilen Ýunus Ahmetzýanow adyndaky ýaş aşpezleriň bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Bäsleşige Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar. Baş baýragy Marokkonyň wekili Oadidu Reduan aldy.

“Men ähli kynçylyklary ýeňip geçendigime buýsanýaryn we bäsleşigiň guralyşyndan hem-de eminler toparynyň işinden örän razy. Haýsy ýurduň aşhanasynyň tagamy bolsa bolubersin, meniň üçin tapawudy ýok, men nahar taýýarlamagy gowy görýärin. Bäsleşik üçin önümleriň aglabasyny men öz ýanym bilen getirdim diýip, Uadidu aýtdy.

Memsol kompaniýalar toparynyň Brend-şefi, “Kafe Skazka” jemgyýetiniň baş aşpezi, bäsleşigiň eminler toparynyň başlygy Andreý Sahowskiý tagamlara baha berlende olaryň daşky görnüşi, tagamy we tanyşdyrylyşy ýaly ugurlaryň göz öňünde tutulandygyny belledi.

“Kynçylyklara garamazdan, Reduan olary ýeňip geçmegi başardy. 9 görnüşli tagamy taýýarlamak üçin biz her bäsleşige gatnaşyjynyň ýanyna bir kömekçini berkitdik. Ol bolsa ýeke özi bu wezipäniň hötdesinden geldi. Onuň taýýarlan tagamlary örän süýji we ýokary hilli boldy” diýip, Sahowskiý aýtdy.

Bäsleşige dünýäniň 13 ýurdundan aşpezler gatnaşdylar. Olaryň taýýarlan tagamlaryny diňe bir eminler toparynyň agzalary däl, eýsem, KazanForum-a gelen beýleki myhmanlar hem dadyp görüp bildiler. Öz ussatlygyny görkezmek üçin bäsleşige Müsürden, Malaýziýadan, Gazagystandan, Eýrandan we beýleki döwletlerden ýaş hünärmenler geldiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

21:55 Iýul 21, 2026
Türkmenistanyň dalaşgärleri ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişini onlaýn yzarlap bilerler

Türkmenistanyň dalaşgärleri ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişini onlaýn yzarlap bilerler

21:50 Iýul 21, 2026
Tahýa taýýarlamak sungaty we halk lukmançylygy — Türkmenistan ÝUNESKO-da öz medeni gymmatlyklaryny öňe sürýär

Tahýa taýýarlamak sungaty we halk lukmançylygy — Türkmenistan ÝUNESKO-da öz medeni gymmatlyklaryny öňe sürýär

20:00 Iýul 21, 2026