Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (IAEA) ýadro lukmançylygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer


Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (IAEA) arasynda saglygy goraýyş ýadro lukmançylygy, suw baýlyklary netijeli ulanmak we oba hojalygy ýaly ugurlary öz içine alýan 5 ýyllyk Çarçuwaly hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlar.
Bu maksatnama üçin döredilen ýörüte topar şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek mejlisde maksatnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşar - diýip wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat berdi.
Onkologik kesellere garşy göreşmek hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Ýurdumyzda bu ugurda maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar, ugurdaş infrastruktura döwrebaplaşdyrylýar – diýip ministr belledi.
Ýadro tehnologiýasy rak keselini anyklamakda we bejermekde möhüm orun eýeleýär. Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (IAEA) ýadro lukmançylygy we radiasiýa bilen bejeriş tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýokary tehniki tejribe gazandy. Maksatnamanyň çäklerinde rak keselini bejermekde agentlik, agza döwletlere bilim we okuw maksatnamalary arkaly hünärmenleri taýýarlamakda, tehniki maslahatlar, zerur serişdeler bilen üpjün etmek, gurallar we enjamlar, radiasiýa howpsuzlygy we hiliň barlagy ýaly işlerde goldaw berýär.
Türkmenistanda bilelikdäki hereketlere syn geçirmek boýunça ImPACT maksatnamasyny durmuşa geçirmek teklip edilýär. Ýagny onkologik keseline garşy göreşde milli mümkinçiliklerimize baha bermäge we bu ugurdaky meselelere netijeli jogap bermek üçin zerurlyklary we ileri tutulýan çäreleri kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistan 2016-njy ýyldan bäri Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň doly hukukly agzasy bolup durýar. 2023-nji ýylda ýurdumyz agentligiň ýadro howpsuzlygy boýunça iki sany Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda tehniki hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda agentligiň 4 taslamasy durmuşa geçirilýär.
ORIENT news




