Astrahanyň orta mekdebinde türkmen nusgawy şahyryna bagyşlanyp guralan surat çekmek bäsleşiginiň netijeleri jemledi


17-nji maýda, anna güni Astrahan sebitiniň Priwolžskiý etrabynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän orta mekdepde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygy tarapyndan guralan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly surat bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna konsullygyň wekilleri, mugallymlar, okuwçylar we olaryň ene-atalary gatnaşdylar. Bu döredijilik bäsleşigine 1-nji synpdan 9-njy synp aralygyndaky okuwçylar gatnaşdylar. Oňa gatnaşan ýaşajyk suratkeşler öz eserlerinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, onuň pähim-paýhasa ýugrulan pikirlerini we şahyrana diliniň gözelligini suratlarda açyp görkezmäge çalyşdylar. Ýaşajyk suratkeşler Magtymguly Pyragynyň döredijiligine öz pelsepe pikiriniň çuňlugyny we şahyrana diliniň gözelligini görkezip, öz garaýyşlaryny surat eserleriň üsti bilen beýan etdiler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara diplomlar we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Iň oňat eserler Türkmenistanyň konsullygy tarapyndan ýörite baýraklar bilen sylaglanyldy.

Şeýle-de dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň ýaş suratkeşleriň zehinine baha berip bilmekleri üçin surat eserleri mekdebiň eýwanynda sergilendi.
ORIENT news






