Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Merkezi Aziýa + Ýaponiýa sammitine taýýarlyk barada pikir alyşdylar


Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 14-nji maýda sişenbe güni Astanada geçirilen Merkezi Aziýa + Ýaponiýa dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň ýokary wezipeli işgärleriniň ýygnagyna gatnaşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň başlyklarynyň orunbasarlary, Gazagystanda işleýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri, ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň gün tertibine şu tomus Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» sammitiniň guramaçylyk meseleleri girizildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitiň ýurtlary we Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berilýär.

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formaty sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin 2004-nji ýylda döredildi.








