HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Işe girmegiň ýollary” okuwy – bu täze işi tapmaga mümkinçilikdir!

Aprel 26, 2024 | 17:34 |8000
USAID-ň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy Maslahatly Chozgut kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Logistika, Marketing, HR – işgärleri dolandyrmak ugurlarynda işe ýerleşmekde täze mümkinçilikleri döretmeklige ugrukdyrylan “Işe girmegiň ýollary” atly maksatnamany başlaýar. Maksatnama zähmet bazarynyň möhüm ugurlarynyň birinde iş tapmaga ymtylýan uniwersitetleriň täze uçurymlaryna gönükdirilendir. Dalaşgärlerden okuwa çynlakaý çemeleşmekleri, ähli sapaklara hem-de çärelere işjeň gatnaşmaklary garaşylýar.USAID-ň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy Maslahatly Chozgut kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Logistika, Marketing, HR – işgärleri dolandyrmak ugurlarynda işe ýerleşmekde täze mümkinçilikleri döretmeklige ugrukdyrylan “Işe girmegiň ýollary” atly maksatnamany başlaýar. Maksatnama zähmet bazarynyň möhüm ugurlarynyň birinde iş tapmaga ymtylýan uniwersitetleriň täze uçurymlaryna gönükdirilendir. Dalaşgärlerden okuwa çynlakaý çemeleşmekleri, ähli sapaklara hem-de çärelere işjeň gatnaşmaklary garaşylýar.
Çeşme: 12321223

USAID-ň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy Maslahatly Chozgut kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Logistika, Marketing, HR – işgärleri dolandyrmak ugurlarynda işe ýerleşmekde täze mümkinçilikleri döretmeklige ugrukdyrylan “Işe girmegiň ýollary” atly maksatnamany başlaýar. Maksatnama zähmet bazarynyň möhüm ugurlarynyň birinde iş tapmaga ymtylýan uniwersitetleriň täze uçurymlaryna gönükdirilendir. Dalaşgärlerden okuwa çynlakaý çemeleşmekleri, ähli sapaklara hem-de çärelere işjeň gatnaşmaklary garaşylýar.

1321.jpg

"Işe girmegiň ýollary" atly maksatnama 2024-nji ýylyň maý aýynda başlar we 3 aý dowam eder. Okuw maksatnamasy biri birine bagly bolmadyk, her biri 1 aý dowam etjek 3 sany moduldan ybarat.

1. Logistika moduly:

Bu modul sizi logistika ulgamynda we eltip berme hyzmatyny dolandyrmakda ýetilen täze sepgitler bilen tanyşdyrar. Siz prosesleri kämilleşdirmek, netijeliligi ýokarlandyrmak we bäsdeşlikde üstünlige ýetmek üçin döwrebap gurallary we emeli aňy nädip ulanmalydygyny öwrenersiňiz.

2. Marketing moduly:

Bu modul master-klasslaryň birnäçe tapgyryny özünde saklamak bilen, siz marketing hakynda, şol sanda sosial torlarda öňe gidişligi gazanmak, SEO-kämilleşdirmek we has gowy netijelere ýetmek üçin emeli aňy ulanmak hakynda bilimleri alarsyňyz.

3. HR - işgärleri dolandyrmak moduly:

Öňdebaryjy HR-hünärmenleri, size işgärleri dolandyrmaklygyň ähli inçeliklerini özleşdirmäge kömek etmek arkaly, öz bilimlerini we tejribelerini paýlaşar. Siz iň ýokary netijeliligi gazanmak üçin täze tehnologiýalary nädip ulanmalydygyny öwrenersiňiz.

Soňky Pitç-Güni - özüňizi iş berijilere tanatmak üçin gaýtalanmajak mümkinçilikdir:

Bu gyzgalaňly çärede sizde potensial iş berijiler bilen gönümel gürrüňdeşlik geçirmek üçin we maksatnamanyň çäklerinde gazanan ukyp-başarnyklaryňyzy hem-de bilimiňizi görkezmek üçin mümkinçilik bolar.

Maksatnamanyň 1-nji moduly "logistika" gatnaşmaklyga hasaba alynmak üçin salgy boýunça arzany 2024-nji ýylyň 4-nji maýyna çenli doldurmak zerurdyr.

Ýerleriň çäkliligi sebäpli gatnaşyjylar bäsdeşlik esasynda saylanar.

Indiki okuw modullarynyň başlanjak senesini sypdyrmazlyk üçin we olaryň ssylkasyna ygtyýarlyk gazanmak üçin biziň täzeliklerimizi yzarlaň.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026