HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýaşlar forumyna gatnaşdy

Aprel 25, 2024 | 09:05 |10380
Türkmenistanyň wekiliýeti ýaşlar forumyna gatnaşdy. Çäre 16-18-nji aprelde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda utgaşykly görnüşde geçdi.Türkmenistanyň wekiliýeti ýaşlar forumyna gatnaşdy. Çäre 16-18-nji aprelde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda utgaşykly görnüşde geçdi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň wekiliýeti ýaşlar forumyna gatnaşdy. Çäre 16-18-nji aprelde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda utgaşykly görnüşde geçdi.

Şu ýyl çäräniň mowzugy “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini doly durmuşa geçirmegi yzygiderli ilerletmekde СOVID-19-dan soňra täzeden dikeldilmegi gowulandyrmak” boldy.

Has adalatly we durnukly geljegi gurmak işinde ýaşlaryň tagallalaryny birleşdirmek, СOVID-19 pandemiýasynyň netijelerini ýeňip geçmek üçin çözgütleri gözlemek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi tizleşdirmek, şeýle hem ýaşlary çözgütleri kabul etmek işlerine çekmek forumyň esasy maksadydyr.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň başlygy Begenç Halnepesow hem-de halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Maral Allaberdiýewa ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşdylar.

2024-nji ýylyň forumy pikir alyşmak we çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança boldy. Foruma gatnaşyjylar beýannama kabul edip, onda СOVID-19-dan soňra gaýtadan dikeldilmegi gowulandyrmak we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi tizleşdirmek boýunça öz maslahatlaryny beýan etdiler.

BMG-niň EKOSOS ýaşlar forumy tutuş dünýäden ýaş liderleriň arasynda ýaşlaryň rowaçlygyna täsir edýän meseleleri çözmek boýunça dialogyň ählumumy meýdançasy bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026