HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ŞHG-niň Sekretariatynda Nowruz baýramy bellenildi

Aprel 17, 2024 | 13:19 |6508
16-njy aprelde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynda Nowruz baýramy mynasybetli her ýylda geçirilýän bahar we dostluk festiwaly guraldy.16-njy aprelde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynda Nowruz baýramy mynasybetli her ýylda geçirilýän bahar we dostluk festiwaly guraldy.
Çeşme: rus.sectsco.org

16-njy aprelde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynda Nowruz baýramy mynasybetli her ýylda geçirilýän bahar we dostluk festiwaly guraldy.

Çäre ŞHG-ä agza döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, synçylarynyň we dialog boýunça hyzmatdaşlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet edaralarynyň wekilleriniň, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Min ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, bu baýramyň sebitiň ýurtlarynyň arasynda hoşniýetli goňşuçylygy berkitmekde «Şanhaý ruhunyň» ýörelgeleri bilen gabat gelýändigine myhmanlaryň ünsüni çekdi, şeýle hem onuň etniki toparlaryň sazlaşykly ýaşamagyndaky we dinleriň bilelikde hereket etmegindäki, medeniýetara dialogy höweslendirmekdäki ornuny belledi.

Baýramçylygyň myhmanlary Nowruz baýramy bellenilýän ýurtlaryň amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşdylar we milli tagamlaryny dadyp gördüler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026