HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasy ýurduň mekdep okuwçylarynyň gazanan ajaýyp netijelerine hoşallyk bildirdi

Aprel 12, 2024 | 15:46 |9782
Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasy Hytaýyň Gansu welaýatyndan mekdep okuwçylarynyň 2024-nji ýylyň 25 – 30-njy marty aralygynda Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda gazanan ajaýyp netijeleri bilen baglanyşykly welaýat häkimliginiň Daşary işler boýunça müdirligine hoşallyk hatyny iberdi.Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasy Hytaýyň Gansu welaýatyndan mekdep okuwçylarynyň 2024-nji ýylyň 25 – 30-njy marty aralygynda Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda gazanan ajaýyp netijeleri bilen baglanyşykly welaýat häkimliginiň Daşary işler boýunça müdirligine hoşallyk hatyny iberdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasy tarapyndan berilen

Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasy Hytaýyň Gansu welaýatyndan mekdep okuwçylarynyň 2024-nji ýylyň 25 – 30-njy marty aralygynda Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda gazanan ajaýyp netijeleri bilen baglanyşykly welaýat häkimliginiň Daşary işler boýunça müdirligine hoşallyk hatyny iberdi.

Hytaýly okuwçylar ýurduň toparynyň adyndan jemi 3 altyn we 6 bürünç medal gazandylar hem-de toparlaryň arasynda umumy hasap boýunça üçünji orny eýelediler. Olaryň arasynda Du Sýaoýuý we Ma Szyhan degişlilikde birinji we ikinji orna mynasyp boldular.

«Bu üstünlik Hytaýyň bilim edaralarynyň ýaş zehinleri höweslendirmäge we ösdürmäge gönükdirilen üstünlikli işiniň ajaýyp mysaly bolup durýar. Ilçihana hytaýly mekdep okuwçylarynyň üstünlikli gatnaşmagynyň olaryň deň-duşlaryny akademiki kämillige ymtylmaga ruhlandyrjakdygyna, şeýle hem olaryň gatnaşmagynyň has giň tarapdan Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky däp bolan dostluklyk gatnaşyklary berkitmäge ýardam berjekdigine we iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi ösdürjekdigine ynanýar» diýlip, hatda bellenilýär.

Halkara matematika olimpiadasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirildi.

Beýik nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen bu olimpiada Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Bolgariýadan, Belarusdan, Eýrandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Katardan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Russiýa Federasiýasyndan we Saud Arabystanyndan 120-den gowrak mekdep okuwçysyny bir ýere jemledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026