HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

2024-2025-nji ýyllar üçin MEDEA bilim maksatnamasyna ýüztutmalaryň kabul edişligi başlandy

Aprel 05, 2024 | 10:02 |9161
“Eni Türkmenistan Limited” kompaniýasy 2024-2025-nji ýyllar üçin MEDEA  bilim maksatnamasyna ýüztutmalaryň kabul edişliginiň başlandygyny yglan etdi.“Eni Türkmenistan Limited” kompaniýasy 2024-2025-nji ýyllar üçin MEDEA  bilim maksatnamasyna ýüztutmalaryň kabul edişliginiň başlandygyny yglan etdi.
Çeşme: sea-news.az

“Eni Türkmenistan Limited” kompaniýasy 2024-2025-nji ýyllar üçin MEDEA bilim maksatnamasyna ýüztutmalaryň kabul edişliginiň başlandygyny yglan etdi.

Eni korporatiw uniwersiteti energetika, daşky gurşawy goramak we ykdysadyýet ulgamlarynda magistr derejesini almaga mümkinçilik berýän MEDEA bilim maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu bilim maksatnamasy Enriko Mattei adyndaky okuw edarasynda guralýar we energetika hem-de daşky gurşawy goramak ulgamlarynda iş alyp barýan kompaniýalarda, edaralarda we beýleki guramalarda işlemäge gyzyklanma bildirýän ýaş uçurymlar üçin niýetlenendir.

MEDEA energetika pudagynda işewürlik-dolandyryş maksatnamasyndan ybarat bolup, iki ugry—ählumumy energetika, tehniki serişdeleri dolandyrmak ugurlaryny öwrenmäge gönükdirilendir.

Ýokarda ady agzalan iki maksatnama hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen üç tapgyrda bilim almaga niýetlenendir. Okuw ýyly 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda başlap, 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli dowam edýär. Okuwlaryň iňlis dilinde geçirilýändigine garamazdan, 2024-nji ýylyň tomus aýlarynda italýan dili hem öwredilýär.

Bu maksatnama okuwyň gündizki görnüşini hödürleýär. Okuwy üstünlikli tamamlanlara energetika, daşky gurşawy goramak we ykdysadyýet ulgamlarynda MEDEA magistr derejesi berilýär. Okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin dalaşgärlere şu talaplar bildirilýär:

-Ykdysadyýet, injenerçilik işi, matematika, fizika, himiýa, geologiýa, statistika, hukuk, politologiýa we halkara gatnaşyklary ulgamlarynda bakalawr derejesi bolmaly;

-ýaşy 32 ýaşdan uly bolmaly däl; iňlis dilini suwara bilmeli.

Dalaşgärler öz rezýumesini, pasportynyň, bakalawr diplomynyň, harby biletiniň we iňlis dilini bilýändigi baradaky şahadatnamasynyň nusgalaryny
“Eni Türkmenistan Limited” kompaniýasynyň işgärler bölümine aşakda görkezilen salgy boýunça ýa-da ýokarda ady agzalan ähli resminamalaryň elektron nusgalaryny kompaniýanyň elektron salgysyna jobs@eni.tm ibermeli.

Kompaniýanyň salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 41.

Ýüztutmalar 2024-nji ýylyň 14-nji apreline çenli kabul edilýär.

Şondan soňra dalaşgärleri saýlap almagyň birinji tapgyry başlanýar. Ol ikiçäk söhbetdeşlik esasynda geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026