«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynda 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk görülýär


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda diňe bir dürli önümçilik desgalaryny, bilim ojaklaryny, edara-kärhanalary döwrebap kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak işlerine däl, eýsem, ýurdumyzda tehnologiýa önümçiligini ýola goýup, milli innowasion önümleri öndürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýagty geljegimiziň eýesi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar we döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Şu maksat bilen, her ýylyň 1-nji sentýabrynda mekdebe ilkinji gezek gadam basýan körpelere döwrebap kompýuterler sowgat berilýär. Şol kompýuterleriň milli elektron senagat kärhanalarynda öndürilýändigi buýsandyryjydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze taryhy eýýamyň asylly däbine eýerip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerine 1-nji synpa kabul ediljek okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň noutbuk kompýuterlerini satyn almagy hakynda» Karara gol çekmegi buýsançly wakadyr. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine ýurdumyzda öndürilen, degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak we 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu belent ynamy ödemek üçin ýurdumyzyň elektron senagatynda öňdebaryjy kärhanasy bolan “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy tarapyndan işler güýçli depginde alnyp barylýar.
Döwür bilen deň gadam urýan ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmaga hem-de elektron senagaty ösdürmäge mynasyp goşant goşýan kärhanalaryň biri Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan ugur alnyp döredilen «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy Türkmenistanda innowasion kompýuter enjamlaryny öndürmekde ilkinji kärhanalaryň biridir. Bu Kärhana 2018-nji ýylda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen işe başlady.
«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy ýurdumyzda kompýuter tehnikalaryny öndürmekde işe girişen ilkinji ýylynda, ýagny 2019-njy ýylda birinji synpa okuwa gidýän ýurdumyzyň ähli körpelerine Hormatly Arkadagymyzyň adyndan ilkinji gezek gowşurylan, daşary ýurt kompaniýalarynyň öndürýän önümleriniň ornuny tutýan milli haryt nyşanly «Okuwçy» noutbuk kompýuterler bilen doly üpjün etdi.
Häzirki wagtda «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynda öz işine ökde hünärmenler yhlas we tutanýerlilik bilen zähmet çekýär. Ýaş we gujurly inženerler daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk etmek hem-de tejribe alyşmak arkaly özleriniň tejribelerini barha baýlaşdyrýarlar. «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň agzybir hünärmenler düzümi dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynda hünär derejelerini kämilleşdirýärler. «Microsoft» we «Intel» ýaly dünýä meşhur kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, olar bilen bilelikde guralýan okuw maslahatlara gatnaşýarlar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda, bilim ojaklarynda «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň öndürýän kompýuterleri giňden peýdalanylýar. Kärhananyň hünärmenleri bazaryň islegini öwrenip, diňe bir kompýuterleri däl-de, beýleki tehnologik enjamlarydyr gurluşlary hem öndürýär. Soňky birnäçe ýyl bäri ýurdumyzyň orta mekdeplerine birinji synpa okuwa baran körpelere Hormatly Prezidentimiziň we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Alym Arkadagymyzyň adyndan sowgat berlen kompýuterleriň hem hut «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürilendigini bellemek gerek. Kärhana kompýuterler bilen bir hatarda, tor enjamlaryny — köp portly, gigabitli optiki kommutatorlary, şeýle-de söwda torunyň awtomatlaşdyrylmasy üçin programma we tehniki ulgamlary: kassa enjamlaryny, POS-terminallaryny, çekleri çap ediji gurluşlary, pul gutularyny, ştrih kodlary skanirleýjileri, ştrih kodlary çap ediji gurluşlary hem öndürýär.

«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy kompýuter tehnikalaryna we ugurdaş gurluşlara hyzmat etmekde hem netijeli işleri alyp barýar. Kärhana müşderilere öz önümleri bilen işlemegiň mümkingadar amatly we oňaýly bolmagy üçin hyzmatlaryň giň görnüşlerini hödürleýär. Şolar bilen bir hatarynda, tehnikalaryň bejergisi we olara hyzmat etmek, ýörite talaplar boýunça buýurmalary almak, maslahatlary bermek we okatmak, tehniki goldaw bermek, enjamlary döwrebaplaşdyrmak ýaly köpugurly hyzmatlar bar. Şeýlelik-de, «Agzybirlik tilsimatyny» saýlap alan ulanyjylar üçin diňe bir ýokary hilli önümler däl-de, kompýuterden peýdalanmagy ýeňil we oňaýly edýän hyzmatlaryň tutuş toplumy elýeterli bolýarlar.
«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň önümleri indi birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda we dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän sergilerde we tanyşdyryş çärelerinde abraýly sylaglara, diplomlara mynasyp bolup gelýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, hem-de amatly bahaly tehnologik önümlere isleg diňe bir ýurdumyzyň çäginde ýokary bolman, eýsem, olara Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan we Owganystan ýaly ýurtlaryň wekilleri tarapyndan hem gyzyklanma bildirilýär. Bu bolsa Türkmenistanda kompýuter önümçiliginiň geljeginiň uludygyny aýdyň görkezýär.
«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy döwrüň zerurlyklaryny we geljegi uly ugurlary göz öňünde tutup, hemişe önümleriň täze görnüşlerini öndürmäge ymtylýar. Ýakyn geljekde bilim ulgamynda peýdalanylýan interaktiw panelleri, bilim ulgamynyň hünärmenleri bilen bilelik-de taýýarlanylýan ýokary okuw mekdepleri üçin elektron gollanmalary, şeýle hem şu ugurda barha kämilleşdirilýän kompýuter önümçiligi kärhananyň ähmiýetli taslamalarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1-nji synpa kabul edilmegine garaşylýan okuwçylara sowgat beriljek «Bilimli» kompýuterleriniň nusgalary taýýarlanylyp, olaryň tehniki häsiýetnamalary degişli ministrlikler tarapyndan seljerildi we hil standartlary baradaky kepilnamalar alyndy. «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň önümçilik kärhanasynda döwrebap noutbuk kompýuterleriniň uly tapgyryny kesgitlenen möhlete taýýar edip ýetişdirmek üçin işler güýçli depginde alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň agzybir işgärleri özlerine bildirilen belent ynamy ödäp, mundan beýläk hem iň täze we döwrebap enjamlary öndürmek üçin döredijilikli gözleglerini dowam etdirjekdiklerine we tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrýarlar.

ORIENT news








