12 müňden gowrak musulman Russiýada geçirilen giň gerimli agzaçar sadakasyna gatnaşdy


Kazanda geçirilen Respublikan derejesindäki agzaçar sadakasy 12 müňden gowrak musulmany bir ýere jemledi. Olaryň hatarynda Palestinanyň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, Kataryň, Kuweýtiň, Bahreýniň, BAE-niň we Yslam dünýäsiniň beýleki ýurtlarynyň wekilleri hem bar.
Bu ýyl agzaçar sadakasy ilkinji gezek «Russiýa – Yslam dünýäsi» strategiki görüş toparynyň goldaw bermeginde geçirildi we halkara derejesine eýe boldy. Oňa Yslam döwletleriniň ilçileri we konsullary, halkara guramalarynyň wekilleri myhman hökmünde gatnaşdylar. Çäre «Kazan Ekspo» sergi pawilýonynda geçirildi. Agyz açylmazdan we agşam namazyny okalmazdan ozal Russiýada yglan edilen Maşgala ýylynyň çäklerinde maşgala gymmatlyklary baradaky wagyzlar diňlenildi.
Saçagyň esasy tagamy adaty palaw, guradylan miweler we gündogar süýjülikleri boldy. Köpçülikleýin agzaçar sadakasyna, takmynan, 3 tonna et, 1,5 tonna tüwi, 1 tonnadan gowrak guradylan miwe we 2 tonna gök önüm, 2 müň litr miwe şiresi, 12 müň çüýşe suw hem-de limonad sarp edildi. Sergi toplumynyň pawilýonynda myhmanlar üçin halal önümleriň sergisi, şeýle hem Oraza aýyna bagyşlanan 3D gurnama guraldy.
Agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara «Kazan basmasy» tarapyndan neşir edilen Gurhanyň täzelenen neşiri bolan mushaf sowgat berildi. Ol 1803-nji ýylda Kazanyň Aziýa neşirýatynda peýda bolup, Gurhanyň ilkinji neşir edilen nusgasy hökmünde taryha girdi we musulman dünýäsinde mukaddes diýlip ykrar edildi.
Ýatlatsak, Kazan şäheri yslam dinini we Russiýa Federasiýasy bilen Yslam dünýäsiniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde iň möhüm merkezleriň birine öwrülýär. Eýýäm 2024-nji ýylyň maý aýynda Kazanda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XV halkara ykdysady forumy geçiriler. Bu Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynda geçirilýän iň uly çäredir.
ORIENT news








