HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

EYR-nyň DIM - Eýranyň Prezidentiniň Aşgabada boljak saparyna taýýarlyk görülýär

Mart 29, 2024 | 01:05 |9350
Eýranyň Prezidentiniň Aşgabat şäherine boljak saparyna taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan Türkmenistana eden saparynyň netijeleri boýunça žurnalistlere aýtdy. Ol iki tarapyň hem Tähranda geçirilen duşuşykda iki ýurduň döwlet Baştutanlary tarapyndan ylalaşylan şertnamalary ýerine ýetirmekde öňegidişlige görýändigini belledi.Eýranyň Prezidentiniň Aşgabat şäherine boljak saparyna taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan Türkmenistana eden saparynyň netijeleri boýunça žurnalistlere aýtdy. Ol iki tarapyň hem Tähranda geçirilen duşuşykda iki ýurduň döwlet Baştutanlary tarapyndan ylalaşylan şertnamalary ýerine ýetirmekde öňegidişlige görýändigini belledi.
Çeşme: mfa.ir

Eýranyň Prezidentiniň Aşgabat şäherine boljak saparyna taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan Türkmenistana eden saparynyň netijeleri boýunça žurnalistlere aýtdy. Ol iki tarapyň hem Tähranda geçirilen duşuşykda iki ýurduň döwlet Baştutanlary tarapyndan ylalaşylan şertnamalary ýerine ýetirmekde öňegidişlige görýändigini belledi.

Dürli syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar amatly şertlerde iki ýurduň arasynda gaz, elektrik energiýasy, suw, ulag geçelgesi we söwda ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk ösýär diýip, Eýranyň Daşary işler ministri Türkmenistanda metbugat maslahatynda aýtdy.

Penşenbe güni Amir Abdollahiýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, olar bilen köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

2 (5).jpg

28-nji martda ol türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen hem duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli taraplary, sebitleýin we halkara derejesindäki wakalar barada pikir alyşdylar.

Diplomatlar iki ýurduň arasynda energetika, üstaşyr geçelgeleri we ulag ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny, sebit derejesinde suw baýlyklaryny dolandyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşyldy. Eýran 3-nji Hazar ykdysady forumyny geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Raşid Meredow Hazar deňzinde ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça çykyş edip, Hazar deňzini parahatçylyk, düşünişmek we hyzmatdaşlyk deňzi diýip atlandyrdy.

Aşgabatdaky "Nournews"-yň habarçysynyň berýän habaryna görä, Abdollahiýan metbugat duşuşygynda ýakyn wagtda " biz Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň ep-esli ýokarlanmagyna şaýat bolarys" diýdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026