«Deňiz» myhmanhanasy myhmanlaryň teswirleri boýunça «Google-yň» bahalandyrmasynda iň gowy üç myhmanhananyň içinde birinji boldy


«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Deňiz» myhmanhanasy müşderileriň teswirleri boýunça «Google-yň» bahalandyrmasynda iň gowy üç myhmanhananyň içinde birinji orny eýeledi. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň saýtynda habar berilýär.
Myhmanhananyň ýyldyz derejeligi syýahatçylara we jahankeşdelere myhmanhanadaky rahatlygyň hem-de amatlylygyň derejesini kesgitlemäge kömek edýän tapawutlandyryş ulgamydyr. Ýyldyz derejeligi bolan myhmanhanalarda berjaý edilmeli rahatlylyk we amatlylyk standartlary bardyr.
1 ýyldyzly myhmanhana– rahatlygy we amatlylygy çäkli, ýöne arassaçylyk we howpsuzlyk ýaly esasy hyzmatlar bilen üpjün edilen myhmanhanalar.
2 ýyldyzly myhmanhana – rahatlylygy we amatlylygy gowulanan, ýöne çäkli hyzmatlary hödürleýän myhmanhanalar.
3 ýyldyzly myhmanhana – rahat otaglary bolan, restoran, howuz we başga-da dürli güýmenjeleri hödürleýän myhmanhanalar.
4 ýyldyzly myhmanhana – ýokary derejeli rahatlygy we amatlygy bolan myhmanhanalar, spa merkezi, mejlisler otagy we beýleki mümkinçilikler ýaly has giň hyzmatlary hödürleýän myhmanhanalar.
5 ýyldyzly myhmanhana – ýokary derejeli rahatlygy we amatlylygy bolan, dürli görnüşli hyzmatlary we kaşaňlyga üns berýän hem-de müşderilere aýratyn hyzmat edýän myhmanhanalar.
Bu bolsa «Deňiz» myhmanhanasynyň öz derejesinde iň gowy myhmanhanalaryň biridigini we köp sanly syýahatçylary özüne çekýänligini aňladýar.
Myhmanhana müşderileriniň isleglerini kanagatlandyrmak üçin amatly otaglary we ajaýyp hyzmatlary hödürleýär. Müşderileriň öňünden haýyşlary boýunça 5 kg çenli öý haýwanlaryny getirmäge hem rugsat edilýär.
Myhmanhanada dürli güýmenjelerden we hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz. Suwy ýyladylýan daşky howuzda ýa-da binanyň içindäki ýapyk howuzlaryň birinde ýüzüp, saunada, fitnes merkezinde ýa-da spa salonynda rahatlanyp, bouling, bilýard, stol tennisini ýa-da futbol oýnap bilersiňiz.
Çagalar üçin oýun enjamlary bolan oýun zolagy, kinoteatr we aerohokkeý göz öňünde tutulandyr.
Myhmanhanada restoran hereket edip, bu ýerde şwed stoly görnüşinde ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlary hödürlenýär. Agşam karaoke baryna baryp ýa-da lobbi barynda däne kofesinden lezzet alyp bilersiňiz.
Mundan başga-da, myhmanha «TripAdvisor» amerikan saýtynda ýokary görkezijilere eýedir. Has giňişleýin maglumat üçin myhmanhananyň resmi saýtyna girip bilersiňiz.
ORIENT news








