HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TMDDI iňlis dili boýunça III Halkara internet olimpiadasyna gatnaşmak üçin haýyşnamalary kabul edip başlandygyny habar berýär

Mart 21, 2024 | 12:10 |10208
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty iňlis dili boýunça III Halkara internet olimpiadasyna (IIOE – 2024) gatnaşmak üçin haýyşnamalary kabul edip başlandygyny habar berýär. Olimpiada ýurduň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde guraldy.Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty iňlis dili boýunça III Halkara internet olimpiadasyna (IIOE – 2024) gatnaşmak üçin haýyşnamalary kabul edip başlandygyny habar berýär. Olimpiada ýurduň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde guraldy.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty iňlis dili boýunça III Halkara internet olimpiadasyna (IIOE – 2024) gatnaşmak üçin haýyşnamalary kabul edip başlandygyny habar berýär. Olimpiada ýurduň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde guraldy.

Olimpiada Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň bilim edaralarynyň ähli hünärleriniň islendik ýyl talyplary gatnaşyp bilerler. Gatnaşyjylaryň sany boýunça hiç hili çäklendirmeler ýok.

Onlaýn bäsleşik 10-11-nji aprelde institutyň sanly bilim portaly arkaly geçiriler. Gatnaşyjylar okamak, diňlemek we iňlis diliniň grammatikasy bilen baglanyşykly 10 ýumuşy 90 minudyň dowamynda ýerine ýetirmeli bolarlar.

Olimpiada gatnaşmak üçin 31-nji marta çenli institutyň saýtynyň «Internet olimpiadasy» bölüminde sowalnamany dolduryp, hasaba alynmalydyr.

Netijeler 18-nji aprelde institutyň saýtynda çap ediler.

Olimpiadanyň ýeňijileri degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

Guramaçylaryň elektron poçta salgysy: patrioticyouthtniwl@gmail.com.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026