HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Moskwada Halkara Nowruz güni onlaýn marafon bilen belleniler

Mart 21, 2024 | 15:47 |10785
Russiýanyň paýtagtynda Halkara Nowruz güni giň maksatnama bilen belleniler.Russiýanyň paýtagtynda Halkara Nowruz güni giň maksatnama bilen belleniler.
Çeşme: 2023god.com

Russiýanyň paýtagtynda Halkara Nowruz güni giň maksatnama bilen belleniler.

Baýramçylygyň çäklerinde 23-nji martda onlaýn festiwal geçiriler, ol göni ýaýlymda alty sagat dowam eder. Ýaýlym 14:00-da başlar we 20:00-a çenli dowam eder.

Ýaýlymyň dowamynda dürli halklaryň wekilleri tomaşaçylary milli medeniýetleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdyryp bilerler, halklarynyň aşhanasy barada gürrüň berip, moda sergisiniň dowamynda milli lybaslaryny görkezip bilerler.

Guramaçylar Nowruz baýramynyň bellenilýän sebitlerinden reportažlary taýýarlamagy meýilleşdirdiler.

Şeýle hem artsitleriň we tans toparlarynyň gatnaşmagynda konsert geçiriler. Göni ýaýlymy Russiýanyň halk artisti Artýom Kaminskiý, radio alypbaryjy Nailýa Şahowa we aktýor Sergeý Taktarow alyp bararlar. Konserte gatnaşyjylaryň arasynda Russiýanyň halk artisti Lew Leşenko, Özbegistanyň halk artisti Natalýa Nurmuhamedowa, Russiýanyň halk artisti Gýuzel Apanaýewa we beýlekiler bar.

Onlaýn festiwal Moskwanyň Milli syýasat we sebitara gatnaşyklar bölüminiň, şeýle hem paýtagtyň milli jemgyýetçilik guramalarynyň we Russiýanyň bu baýramçylygy belleýän sebitleriniň ygtyýarly wekilhanalarynyň goldaw bermeklerinde geçiriler. Moskwanyň Milli syýasat we sebitara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Witaliý Suçkowyň belleýşi ýaly, onuň taýýarlyk işine 14 sany milli guramanyň wekilleri gatnaşdy.

Russiýada yglan edilen Maşgala ýylynda geçirilýän bu çäre maşgala gymmatlyklaryna we nesilleriň dowamatyna bagyşlanar.

Geçen ýyl Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda baharyň gelmegi 25-nji martda «Moskwanyň Nowruzy 2023» atly festiwal bilen bellenildi. Alty sagat dowam eden konsert maksatnamasyna onlaýn tertipde 2,5 million tomaşaçy tomaşa etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026