HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Diýar žurnaly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan edýär

Mart 16, 2024 | 11:02 |6345
Diýar žurnaly türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan edýär.Diýar žurnaly türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Çeşme: turkmenistaninfo.gov.tm

Diýar žurnaly türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bäsleşige gatnaşyjylar Magtymgulynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan dürli edebi we publisistik makalalary, şeýle hem şekillendiriş sungatynyň eserlerini hödürläp bilerler. Materiallar türkmen, rus we iňlis dillerinde kabul edilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin işiň elektron görnüşini (Times New Roman şrift, ölçegi 14, interwal 1,5), özüň barada maglumaty (ýaşaýan ýeriňiziň salgysy, işleýän ýeriňiz, doglan ýylyňyz, hünäriňiz, 3х4 surat, elektron poçta salgyňyz) diyar-zurnaly@sanly.tm salgysyna ibermeli.

Iň gowy işler Diýar žurnalynda çap ediler, ýeňijiler bolsa žurnalyň eminler topary tarapyndan saýlanar. Bäsleşigiň jemleri 2024-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener. Ýeňijilere hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary, şeýle hem işjeň gatnaşyjylara höweslendiriji sowgatlar gowşurylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026