Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary gepleşikleri geçirdiler


Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda gepleşikleri geçirdiler. "Uzbekiston temir ýullari" paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Zufar Narzullaýewiň ýolbaşçylygyndaky özbek wekiliýetiň 5-6-njy martda Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň dowamynda "Türkmendemirýollary" agentliginiň başlygy Azat Atamyradow bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy.

Duşuşyga şeýle hem "Demirýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we beýleki ulag düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Taraplar iki ýurduň arasynda ýük daşamagyň möçberiniň artdyrylmagy bilen bagly mümkinçilikleri hasaba almak bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna garadylar hem-de demir ýol logistikasy pudagynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagy ylalaşdylar. Bu öz gezeginde sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine şert döreder.

Gepleşikler iki ýurduň demir ýol edaralarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň baglaşylmagy bilen tamamlandy. Saparyň çäklerinde özbek wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi we bu ýerde döredilen iri gurluşyk desgalary bilen tanyşdy.
ORIENT news








