HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýa döwletleriniň hemişelik wekilleri Ženewada BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili bilen duşuşdylar

Mart 05, 2024 | 23:47 |14628
Sişenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri Guramanyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdylar.Sişenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri Guramanyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdylar.
Çeşme: BMG-niň Ženewedaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy

Sişenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri Guramanyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdylar.

Şeýle görnüşde geçirilen ilkinji duşuşyk Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň binasynda guraldy.

Duşuşykda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi – BMG-niň Ženewadaky edarasy meýdançasynyň ugry boýunça diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümligi bellendi. Bu hyzmadaşlyk Merkezi Aziýa boýunça halkara gün tertibiniň işi boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Duşuşygyň barşynda Kaha Imnadze ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän sebit merkeziniň işi we wezipeleri barada Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatlaryny tanyşdyrdy. Sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmekde, terrorçylygy we zorlukly ekstremizme garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek barada hem gürrüňler edildi. Serhetüsti suw serişdeleri, ýaş syýasaty, gender deňligi hem sebit merkeziniň ileri tutýan ugurlarydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026