Owganystanyň söwda-ykdysady wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň netijeleri boýunça duşuşyk geçirildi


Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň netijelerine bagyşlanyp, 5-nji martda Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn mejlis geçirildi. Duşuşyga gatnaşan türkmen wekiliýetine daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň dowamynda goňşy ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we owgan wekiliýetiniň Türkmenistana eden saparynyň netijelerine, şol sanda gazanylan anyk şertnamalara giňişleýin syn berildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Ýurduň ykdysadyýeti üçin möhüm bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) gaz geçiriji taslamasyny, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) ýokary woltly elektrik geçiriji liniýasyny, aragatnaşygy gowulandyrmak üçin demir ýollaryň, şeýle hem durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy maslahatlaşyldy.
Aşgabatda geçirilen bilelikdäki işewürler maslahatynyň we owgan harytlarynyň sergisiniň, şu günler owgan wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilýän yzygiderli yzygiderli duşuşyklaryň işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýeti bellendi.
Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň täze tapgyra gadam basýandygy işewürler maslahatynyň dowamynda yglan edilen sanlar hem aýdyň görkezýär. Hususan-da, 2023-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 457 million dollara, şu ýylyň ýanwar aýynda 46 million dollara ýetdi. Bu bolsa geçen ýylyň ýanwar aýyndaky görkeziji bilen deňeşdirilende iki esse köpdür.
Nuruddin Azizi şeýle hem Owganystanyň daşary syýasatynyň sebitdäki ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine esaslanýandygyny, ýurduň dag-magdan, senagat, oba hojalygy, söwda, energetika we hyzmatlar pudaklaryna maýa goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Aşgabatda üç günläp dowam eden owgan önümleriniň sergisi owgan önüm öndürijilerine türkmen bazaryna çykmaga amatly mümkinçiligi döretdi. Sergidäki owgan kompaniýalarynyň 76 diwarlygynyň 15-si owganystanly zenan telekeçilere degişlidir.
Owgan wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran şu gezekki sapary üpjünçilik we dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.
ORIENT news







