HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Mart 05, 2024 | 13:14 |7018
Aşgabatda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisi bilen tanyşlygynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.Aşgabatda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisi bilen tanyşlygynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.
Çeşme: tdh.gov.tm

Aşgabatda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisi bilen tanyşlygynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Oňa “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Owgan wekiliýeti owgan harytlarynyň sergisini guramaga döwlet tarapyndan berlen ýardam üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýratyn nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, goňşy Owganystanyň içerki ýagdaýlarynyň kadalaşdyrylmagynda diňe syýasy-diplomatik tagallalaryň tarapdarydygyny aýtdy.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag ulgamlary boýunça durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň wajypdygyny hem bellemek zerur. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we demir ýol ulgamlary aýratyn orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda halkara ähmiýetli demir ýol geçelgeleriniň gurulýandygyny belledi. Şunda Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý ugry boýunça demir ýol şahasy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Şunda halkara ulag geçelgesiniň wajyp bölegi bolan Serhetabat — Turgundy şahasynyň ulanmaga berilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürlen teklipleriň öwreniljekdigini belläp, Türkmenistanyň Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna ýakyndan goldaw bermegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026