HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda türkmen we owgan zenan telekeçileriniň duşuşygy geçirildi

Mart 04, 2024 | 22:46 |12710
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň geçirilýän owgan harytlarynyň we Türkmen-owgan işewürler forumynyň çäklerinde iki ýurduň zenan telekeçileriniň duşuşygy geçirildi.Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň geçirilýän owgan harytlarynyň we Türkmen-owgan işewürler forumynyň çäklerinde iki ýurduň zenan telekeçileriniň duşuşygy geçirildi.
Çeşme: Orient.tm

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň geçirilýän owgan harytlarynyň we Türkmen-owgan işewürler forumynyň çäklerinde iki ýurduň zenan telekeçileriniň duşuşygy geçirildi.

Ozal habar berlişi ýaly, goňşy ýurduň senagat we söwda ministri Nurduddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky söwda-ykdysady wekiliýetiniň düzüminde 15 zenan işewür bar.

2-4.jpg

Olaryň hatarynda Owganystanyň Söwda-senagat palatasynyň zenan işewürleriň bähbitlerini goraýan ýolbaşçylar, azyk senagatyna, haly, şaý-sep, deri we senetçilik önümlerine ýöriteleşen kompaniýalaryň dolandyryjylary bar.

3-3.jpg

Owgan zenanlar toparyna başlyklyk edýän Feriba Naseri öz işewürligi we wekiliýetiň her bir agzasynyň alyp barýan işi barada aýdyp berdi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde we Söwda-senagat edarasynda işleýän zenanlar türkmen tarapyna wekilçilik etdi.

4-4.jpg

Türkmen tarapyndan duşuşyga gatnaşanlaryň hatarynda halyçylyk, moda we gözellik, gülçülik, şaý-sep, maglumat tehnologiýalary ugurlarynda iş alyp barýan işewür zenanlar bar.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda geçirilen bu duşuşykda iki ýurduň zenan telekeçileriniň özara tanyşmagy we dürli pudaklar boýunça özara pikir alyşmaklary üçin şertleri döretdi. Gatnaşyjylar özleriniň üstünlikleri, gazananlary we meýilnamalary barada gürrüň berdiler.

IMG_20240305_095817.png

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Owganystanyň Zenanlar söwda-senagat palatasynyň arasynda Ähtnama baglaşmak meselelerine aýratyn üns berildi.

6-1.jpg

Duşuşygyň ahyrynda türkmenistanly zenan telekeçiler owgan kärdeşlerine ýadygärlik sowgatlary we gülleri gowşurdylar.

7-1.jpg

8-1.jpg

9-1.jpg

10-1.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026