HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan elektrik energiýasyny Owganystana ibermegiň toruny giňeldýär: ugurlar we taslamalar

Mart 04, 2024 | 15:28 |12701
Türkmenistan elektrik energiýasyny Owganystana ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we möçberlerini artdyrmak babatda yzygiderli işleri geçirýär.Türkmenistan elektrik energiýasyny Owganystana ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we möçberlerini artdyrmak babatda yzygiderli işleri geçirýär.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan elektrik energiýasyny Owganystana ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we möçberlerini artdyrmak babatda yzygiderli işleri geçirýär. Bu babatda amala aşyrylýan häzirki we geljekki işler barada Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Halkara taslamalar boýunça müdirliginiň başlygy Myrat Artykow duşenbe güni Aşgabatda açylan Türkmen-owgan işewürler maslahatynda beýan etdi.

фото 1.jpg

Häzirki wagtda Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasy Kerki – Andhoý, Serhetabat – Hyrat, Serhetabat – Turgundy, Rabatkaşan – Kalaýnau we Zelili – Akina ugurlary boýunça iberilýär. Myrat Artykowyň belleýşi ýaly, bu pudak boýunça iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýlan wagtyndan bäri, türkmen elektrik energiýasynyň goňşy ýurda iberilişiniň möçberi her ýylda artýar.

slide 1.jpg

2021-nji ýylyň kuwwatlylygy 500 kWt bolan Kerki elektrik stansiýasy, Kerki-Andhoý-Şybyrgan-Mazari-Şarif eleektrik geçirijisi ulanmaga berildi. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan Kerki şäherinde kuwwatlylygy 500 kWt bolan elektrik stansiýasy, Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Kerki şäherine çenli, uzynlygy 388 kilometr bolan elektrik geçirijisi, Kerkiden türkmen-owgan serhedine çenli 62 kilometrlik elektrik geçirijisi guruldy.

слайд2.jpg

“Türkmenenergo” döwlet korporasiýasynyň we «Da Afghanistan Breshna Sherkat» (DABS) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, häzirki wagtda bu ugur boýunça kuwwaty 220 kW bolan elektrik energiýasy iberilýär. Ýakyn wagtda bu elektrik geçirijisini Owganystanyň paýtagty – Kabula çenli uzaltmak we onuň geçirijilik kuwwatyny 500 kW-a çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.

2024-nji ýylda Türkmenistan Owganystana umumy möçberi 1 835 300 000 kWt/sagat bolan elektrik energiýasyny ibermegi meýilleşdirýär.

Şunda Owganystanyň Hyrat, Farah we Kandagar sebitleriniň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly derejede kanagatlandyrmak we goňşy döwletiň ykdysady taýdan dikeldilmegi we dünýä ykdysady gatnaşyklaryna goşulmagy üçin Türkmenstan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmäge girişildi.

Taslamanyň maýa goýujysy «Çalik Holding A.S.» türk kompaniýasy bolup durýar. Kompaniýanyň hödürlän maksatnamasyna laýyklykda, bu taslamany 3 tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Biirnji tapgyrda Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Hyrat sebitine uzynlygy 375 kilometr, geçirijiligi 220 kW bolan elektrik geçirijisini; ikinji tapgyrda Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Pakistanyň Kwetta şäherine uzaýan kuwwaty 500 kW bolan elektrik geçirijisiniň 1150 kilometrini; üçünji tapgyrda hem Owganystanyň Hyrat sebitinden Kandagara uzaýan geçirijiligi 220 kW bolan 575 kilometrlik elektrik geçirji ulgamlaryny gurmak bellenilýär.

слайд 3.jpg

Taslamanyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2021-nji ýylyň awgustynda maýa goýujy kompaniýa tarapyndan onuň türkmen böleginiň gurluşyk-timarlaýyş işleri tamamlanyp, Owganystanyň elektrik geçiriş ulgamyna birikdirmäge taýýar edildi. Şunda maýa goýujy kompaniýa muzdsuz esasda türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine uzaýan geçirijiligi 110 kW bolan eleektrik geçirjisinde abatlaýyş işlerini geçirdi hem-de onuň kuwwatyny 220 kW ýetirmek ugrunda işleri geçirdi.

Häzirki wagtda Hyratdaky “Nur-ul-Jihad” elektrik stansiýasyny giňeltmek boýunça gurluşyk-timarlaýyş işleri alnyp barylýar. Şu aýyň içinde ol ýerde häzirki zaman tehnologiýa enjamlary ornaşdyrylar we işe girizmäge taýýar ediler.

слайд 4.jpg

Möhüm ähmiýetli bu desganyň işe girizilmegi Türkmenistandan Hyrat sebitine iberilýän elektrik eenrgiýasynyň möçberini 70 MWt-den 120 MWt-e çenli artdyrmaga mümkinçilik döreder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026