HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Owganystanyň söwda dolanyşygy iki esse artdy

Mart 04, 2024 | 13:43 |12365
Türkmenistanyň we Owganystanyň 2023-nji ýyldaky söwda dolanyşygy 457 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Söwda dolanyşygynyň depginli ösüşi 2024-nji ýylda hem oňyn saklanýar. Şu ýylyň ilkinji aýynda iki ýurduň özara söwdasy 46 million dollara ýetdi.Türkmenistanyň we Owganystanyň 2023-nji ýyldaky söwda dolanyşygy 457 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Söwda dolanyşygynyň depginli ösüşi 2024-nji ýylda hem oňyn saklanýar. Şu ýylyň ilkinji aýynda iki ýurduň özara söwdasy 46 million dollara ýetdi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň we Owganystanyň 2023-nji ýyldaky söwda dolanyşygy 457 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Söwda dolanyşygynyň depginli ösüşi 2024-nji ýylda hem oňyn saklanýar. Şu ýylyň ilkinji aýynda iki ýurduň özara söwdasy 46 million dollara ýetdi. Bu 2023-nji ýylyň ilkinji aýyndakydan iki esse köpdür. Şeýle maglumatlar duşenbe güni Aşgabatda açylan Türkmen-owgan işewürler maslahatynda mälim edildi.

Türkmenistanyň Owganystana esasan ýangyç-energetika toplumynyň, himiýa senagatynyň önümlerini, gurluşyk serişdelerini, oba hojalyk, dokma we ýeňil senagatyň önümlerini eksport edýär.

Şu ýylyň ilkinji aýynda Owganystandan import edilen harytlaryň möçberi geçen ýylyň ýanwar aýyndakydan 14 göterim ýokarlandy. Bu görkezijiler we şu günler Aşgabatda guralýan owgan harytlarynyň sergisi söwda hyzmatdaşlygynda iki ýurduň uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär.

Hususan-da, Türkmenistandan himiýa, azyk, dokma, derman senagatynyň önümlerini, arassalaýjy we ýuwujy serişdeleri, polipropileni, şaý-sep we plastmassa önümlerini Owganystana ibermek üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen bir hatarda, Owganystandan Türkmenistana oba hojalyk we gurluşyk harytlaryny, mineral serişdeleri eksport etmekde giň mümkinçilikler açylýar.

Işewürler maslahatynyň gün tertibine bar bolan kuwwatlyklary netijeli ulanmak arkaly nebitgaz toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, elektroenergetika, senagat we oba hojalyk pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Pakistan-Hindistan elektrik geçirijisi, optiki-aragatnaşyk ulgamy, täze demir ýollaryň gurluşygy, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen gümrük terminalynyň ulanmaga berilmegi ýaly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär.

Owgan işewürleri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 5-nji fewralda Söwda-senagat edarasynda guraljak göçme birža söwdalaryna işjeň gatnaşmaga çagyryldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026