HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Söwda-senagat edarasyndaky sergi: owgan önüm öndürijileri Aşgabada näme getirdiler?

Mart 04, 2024 | 12:37 |8625
Duşenbe güni Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi açyldy. Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde guralýan çäräniň çäklerinde ilkinji Türkmen-owgan işewürler maslahaty hem guralýar.Duşenbe güni Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi açyldy. Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde guralýan çäräniň çäklerinde ilkinji Türkmen-owgan işewürler maslahaty hem guralýar.
Çeşme: orient.tm

Duşenbe güni Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi açyldy. Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde guralýan çäräniň çäklerinde ilkinji Türkmen-owgan işewürler maslahaty hem guralýar.

1.jpg

“ORIENT-iň” habarçysyna mälim edilişi ýaly, sergä gatnaşmak üçin düzüminde owgan telekeçileri, söwda, ykdysadyýet we beýleki pudak edaralarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarydyr wekilleri bolan owgan wekiliýetiniň uly topary Aşgabada geldi. Goňşy ýurduň wekiliýet toparyna ýurduň senagat we söwda ministri Nuruddin Azizi başlyklyk edýär.

2.JPEG

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

3.JPEG

Sergi zalynda Owganystanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan 200-den gowrak hususy kärhanasynyň önümleri görkezildi. Bu ýerde Gündogara mahsus – çaý, gury ir-iýmişler, goşundylar, halylar, şaý-sepler, gymmat bahaly daşlar bilen birlikde gurluşyk, senagat önümleriniň, himiki serişdeleriň, derman senagatynyň önümleri, azyk harytlary we dürli içgiler görkezilýär.

4.jpg

Owgan tarapy Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, eksporty artdyrmaga, üstaşyr kuwwatlyklary netijeli ulanmak arkaly öz önümlerini eýleki sebitlere ibermäge, şol bir wagtda türkmen önümleriniň Owganystanyň üsti bilen daşary ýurtlara iberilişinde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. Bu barada Owanystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nuruddin Aziziniň Senagatçylar we telekeçilr birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýew we Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen geçiren gepleşiklerinde mälim edildi.

5.JPEG

Owgan harytlarynyň sergisi 6-njy marta çenli dowam eder. Serginiň çäklerinde iki ýurduň döwlet edaralarynyň we hususy kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty hem geçirilýär.

6.JPEG

7.JPEG

8.JPEG

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026