HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň direktory bilen duşuşdy

Mart 01, 2024 | 18:36 |5846
2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Korneli Kekelidze adyndaky Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň direktory Zaza Abaşidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Korneli Kekelidze adyndaky Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň direktory Zaza Abaşidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Korneli Kekelidze adyndaky Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň direktory Zaza Abaşidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Gruziýanyň Milli Golýazmalar Merkeziniň arasynda göni aragatnaşyk saklamak arkaly bu iki düzümiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde bilelikdäki konferensiýalary, ylmy forumlary, gözleg işlerini geçirmegiň hem-de ylmy taslamalary amala aşyrmagyň, şeýle-de iki ýurduň alymlarynyň arasynda tejribe alyşmagyň ähmiýetini aýratyn nygtaldy.

!1.jpg

Ilçi şu ýyl beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini aýtdy. Bu ýubileý dabara bagyşlanan çäreleriň ählisi Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň has giňişleýin tanyşmagyna, netijeli ynsanperwer gepleşikleriniň, dostluk gatnaşyklarynyň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň berkidilmegine goşant goşjakdygyny belledi.

Z.Abaşidze öz gezeginde Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky medeni - ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegine ynam bildirdi we baý medeni mirasy, gadymy gymmatlyklary we milli sungaty wagyz etmekde iki ýurduň alymlarynyň möhüm ornuny belläp geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026