HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ärdoganyň arasyndaky duşuşygyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyga degişli resminamalara gol çekildi

Mart 01, 2024 | 15:18 |9512
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün, 1-nji martda Antalýada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün, 1-nji martda Antalýada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.
Çeşme: tccb.gov.tr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün, 1-nji martda Antalýada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçysyna Türkiýä barmaga we Antaliýadaky Diplomatik foruma gatnaşmak çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de bir gezek Türkiýäniň Baştutanyny 70 ýaş ýubileýi bilen gutlady, şeýle hem Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen hormatly adynyň dakylmagy mynasybetli gutlagyny we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

1.jpg

Bu şanly ýubileýi mynasybetli asylly däbe eýerilip türk Liderine sary deriden taýýarlanan, nagyşlar bilen bezelen - türkmen milli içmegi gowşuryldy.

2.jpg

Duşuşygyň dowamynda, Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Halklarymyzyň taryhy taýdan döredilen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça: syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösýändigi nygtaldy. Köpugurly hyzmatdaşlygy güýçlendirip, Türkmenistan bilen Türkiýäniň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda özara konstruktiw gatnaşyklary üçin berk binýat bolup hyzmat edýän “Bir millet - iki döwlet” ýörelgesinden ugur alýandygy bellendi. Bu barada TDH-nyň berýän habarynda aýdylýar.

3.jpg

Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Olaryň hatarynda: Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

4.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

19:00 Iýul 16, 2026
Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

17:00 Iýul 16, 2026
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

14:00 Iýul 16, 2026