HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Gyrgyzystan üstaşyr daşamalary artdyrmak boýunça teklipleri maslahatlaşdylar

Fewral 29, 2024 | 14:05 |5432
Türkmenistanyň ilçisi Nury Gölliýew Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýew bilen duşuşdy.Türkmenistanyň ilçisi Nury Gölliýew Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýew bilen duşuşdy.
Çeşme: ayauk.gov.tm

Türkmenistanyň ilçisi Nury Gölliýew Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýew bilen duşuşdy.

Duşuşykda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri we logistika ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi bar bolan esasy ugurlary, şol sanda halkara we sebit başlangyçlarynyň çäginde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmeklik barada meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Türkmenistanyň ýurduň içinde we halkara derejesinde ulag infrastrukturasynyň we üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň geografiki taýdan amatly ýerleşişini we ulag mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary mälim edildi.

Ministr sebitdäki möhüm hyzmatdaşlaryň biri hökmünde, Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag aragatnaşygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirdi. Gyrgyzystanyň Türkmenistanyň sebitleýin integrasiýany we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

14:00 Noýabr 09, 2026