HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen ygtyýarly ykdysady operatorlaryň özara ykrar edilmegini maslahatlaşýar

Fewral 28, 2024 | 00:23 |6041
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz döwletleriniň arasynda ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek meselesine bagyşlanan sebit derejesindäki “tegelek stol” maslahaty geçirildi.Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz döwletleriniň arasynda ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek meselesine bagyşlanan sebit derejesindäki “tegelek stol” maslahaty geçirildi.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz döwletleriniň arasynda ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek meselesine bagyşlanan sebit derejesindäki “tegelek stol” maslahaty geçirildi.

Duşenbe güni geçirilen çäre Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary jenap Igor Runowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň çäginde geçirildi.

Oňa wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Bütindünýä gümrük guramasynyň, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Ulag ulgamy boýunça Dostlar Toparynyň, Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) halkara ulag geçelgesiniň sekretariatlarynyň bilermenleri, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Ermenistanyň gümrük edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar halkara söwdada howpsuz ýük daşamalary üpjün edýän Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasyny işe ornaşdyrmak we bu ulgam boýunça oňyn halkara tejribesi bilen tanyşdylar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan iri ulag-üstaşyr taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hem-de halkara söwdasynyň möçberleriniň artýan şertinde möhüm ähmiýete eýedir.

Ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek babatda bar bolan sebit ylalaşyklarynyň çäklerinde alnyp barylýan işlere baha berildi. Bu babatda Günorta Afrika, Ýakyn Gündogar, Ýewropa ykdysady bileleşigi ýurtlarynyň tejribeleri tanyşdyryldy. Moldowa döwletiniň gümrük edarasynyň wekili degişli ugur boýunça toplanan tejribeler barada ýygnananlara giňişleýin düşündiriş berdi.

Gatnaşyjylar Ýewraziýa giňişliginde ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek barada sebit ylalaşygynyň maksatnamasyny taýýarlamak meselelerini maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026