HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2023-nji ýylda Türkmenistandan 100 müňden gowrak syýahatçy Özbegistana baryp gördi

Fewral 24, 2024 | 22:06 |13497
2023-nji ýylyň bütin dowamynda Türkmenistandan Özbegistanyň gözel ýerlerine syýahat eden jahankeşdeleriň sany 100,3 müň adama barabar boldy. Bu görkeziji bilen Türkmenistan geçen ýylda Özbegistana syýahat eden jahankeşdeleriň ýurt boýunça bölünişiginde öňdäki 6-njy orny eýeledi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Statistika komitetine salgylanyp, upl.uz neşiri habar berýär.2023-nji ýylyň bütin dowamynda Türkmenistandan Özbegistanyň gözel ýerlerine syýahat eden jahankeşdeleriň sany 100,3 müň adama barabar boldy. Bu görkeziji bilen Türkmenistan geçen ýylda Özbegistana syýahat eden jahankeşdeleriň ýurt boýunça bölünişiginde öňdäki 6-njy orny eýeledi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Statistika komitetine salgylanyp, upl.uz neşiri habar berýär.
Çeşme: orient.tm

2023-nji ýylyň bütin dowamynda Türkmenistandan Özbegistanyň gözel ýerlerine syýahat eden jahankeşdeleriň sany 100,3 müň adama barabar boldy. Bu görkeziji bilen Türkmenistan geçen ýylda Özbegistana syýahat eden jahankeşdeleriň ýurt boýunça bölünişiginde öňdäki 6-njy orny eýeledi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Statistika komitetine salgylanyp, upl.uz neşiri habar berýär.

Habar berlişine görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Özbegistana gelen syýahatçylaryň umumy sany 6,6 million adama deň boldy. Bu syýahatçylaryň sany boýunça pandemiýadan öňki derejä ýetilendigini görkezýär. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende bu san 1,4 million adam ýa-da 26,6% artdy. Pandemiýa döwründe, ýagny 2020-nji ýylda Özbegistana bary-ýogy 1,5 million, 2021-nji ýylda hem 1,8 million syýahatçy gelipdi. 2019-njy ýylda 6,7 milliondan gowrak daşary ýurtly Özbegistana syýahat etdi.

Syýahatçylaryň esasy akymy, ýagny 90% -den gowragy GDA-nyň dört ýurduna degişlidir: Täjigistan - 2,15 million adam (ýyllyk ösüş 49,6%); Gyrgyzystan - 1,75 million adam (+ 30.1%); Gazagystan - 1,33 million adam (-14%); Russiýa - 714,3 müň adam (+ 25,8%).

Sanawda Türkmenistan Türkiýe (106,5 müň syýahatçy) bilen Hindistanyň (45,5 müň syýahatçy) arasyndaky orunda ýerleşdirildi.

Bulardan soň, Özbegistana iň köp syýahat eden adamlaryň sany boýunça Hytaý, Günorta Koreýa, Germaniýa, Italiýa, ABŞ, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Ispaniýa, Belarus, Azerbaýjan, Ýaponiýa döwletleri gelýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026