HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BSG Abu-Dabi şäherinde 13-nji Ministrler maslahatyny geçirer

Fewral 24, 2024 | 19:40 |7261
Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalary bolan 164 ýurduň söwda ministrleri we gümrük edaralarynyň ýolbaşçylary 26-29-njy fewral aralygynda BAE-niň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek 13-nji Ministrler maslahatyna gatnaşarlar.Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalary bolan 164 ýurduň söwda ministrleri we gümrük edaralarynyň ýolbaşçylary 26-29-njy fewral aralygynda BAE-niň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek 13-nji Ministrler maslahatyna gatnaşarlar.
Çeşme: hinrichfoundation.com

Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalary bolan 164 ýurduň söwda ministrleri we gümrük edaralarynyň ýolbaşçylary 26-29-njy fewral aralygynda BAE-niň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek 13-nji Ministrler maslahatyna gatnaşarlar. Bütin dünýäde geosyýasy dartgynlygyň barha güýjeýän we wehimleriň barha artýan häzirki döwründe bu çäräniň geçirilmegi ählumumy derejede möhüm ähmiýete eýedir.

BSG-niň 13-nji Ministrler maslahatynyň gün tertibi halkara söwdanyň we ösüşiniň onlarça meselelerini öz içine alar. Şolaryň hatarynda düşünişmezlikleri çözmekde BSG-niň ulgamyny özgertmek, oba hojalygy, balykçylyk üçin ýeňillikler, elektron söwda, global senagat we üpjünçilik zynjyrlary, BSG-e goşulmak ýaly meseleler bar. Şeýle hem BSG-niň nobatdaky maslahatynyň dowamynda iki sany täze agzanyň - Komor adalarynyň we Timor Respublikasynyň Guramanyň düzümine goşulmagyna garaşylýar.

2-2 (1).jpg

Häzirki döwrüň barha artýan wehimlerini hasaba alyp, BSG-niň 13-nji Ministrler maslahatynyň geçirilmegi dünýä söwdasy üçin diýseň möhüm ähmiýete eýedir. Bu çäre ösüşi höweslendirmek, halkara söwda we umuman dünýä ykdysadyýeti üçin täze mümkinçilikleri döretmek üçin amatly mümkinçilikdir.

Mmaslahatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi BSG-e agza ýurtlaryň häzirki zaman dünýäsinde netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin zerur bolan özgertmeleri geçirmäge taýýardygyny tassyklamak bilen söwdany ösdürmekde we durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, durnuklylygy üpjün etmekde Guramanyň ähmiýetli orny eýeleýändigini görkezip biler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026