HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw mümkinçilikleri täze ýörite enjamlar bilen goldanylar

Fewral 24, 2024 | 19:18 |7450
21-nji fewralda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA 10) durmuşa geçirilmeginiň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi umumy mukdary 962094 ýewro bolan ýöriteleşdirilen okuw we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny aldy.21-nji fewralda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA 10) durmuşa geçirilmeginiň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi umumy mukdary 962094 ýewro bolan ýöriteleşdirilen okuw we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny aldy.
Çeşme: bomca-eu.org

21-nji fewralda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA 10) durmuşa geçirilmeginiň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi umumy mukdary 962094 ýewro bolan ýöriteleşdirilen okuw we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny aldy.

Ýeňil we ýük awtoulaglaryny barlamak üçin iň täze tehniki çözgütlere laýyk gelýän bu ýörite enjamlar okuw merkezinde amaly okuwlar wagtynda ulanylar we gümrük işgärleriniň bikanun daşalýan harytlary ýüze çykarmak üçin serhet nokatlarynda netijeli barlag geçirmek boýunça başarnyklaryny güýçlendirer.

Mundan başga-da, BOMKA 10 okuw prosesinde ulanmaga niýetlenen, şeýle hem uzak aralykdan okamak üçin interaktiw tagtany, proýektorlar, ekranlar we planşetler bilen hem üpjün etdi.

Bu enjamlar gümrük, weterinariýa we fitosanitar okuw jaýlarynyň kuwwatyny güýçlendirmek maksady bilen BOMKA 10 “Serhetlerden kanuny söwda akymlaryny ýeňilleşdirmek” Maksatnamasynyň 3-nji bölümi boýunça alyndy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026