HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Hazar” konsorsiumy sorujy enjamlar üçin (nasos) ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada bäsleşik yglan edýär

Fewral 22, 2024 | 12:40 |9052
“Hazar” (Gündogar Çeleken ýatagy) şertnamalaýyn çäk babatda Önümi paýlaşmak baradaky şertnama laýyklykda iş alyp barýan hem-de “Türkmen Milli Nebitgaz Kompaniýasyndan”  (NaPeCo) we “Mitro International Limited” kompaniýasyndan ybarat bolan “Hazar” konsorsiumy  ASPTN magistral we çig mal nasoslarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny  satyn almak üçin aşakdaky Ýüztutma boýunça bazary öwreniş sowalnamasyny geçirýär.“Hazar” (Gündogar Çeleken ýatagy) şertnamalaýyn çäk babatda Önümi paýlaşmak baradaky şertnama laýyklykda iş alyp barýan hem-de “Türkmen Milli Nebitgaz Kompaniýasyndan”  (NaPeCo) we “Mitro International Limited” kompaniýasyndan ybarat bolan “Hazar” konsorsiumy  ASPTN magistral we çig mal nasoslarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny  satyn almak üçin aşakdaky Ýüztutma boýunça bazary öwreniş sowalnamasyny geçirýär.
Çeşme: sostav.ru

“Hazar” (Gündogar Çeleken ýatagy) şertnamalaýyn çäk babatda Önümi paýlaşmak baradaky şertnama laýyklykda iş alyp barýan hem-de “Türkmen Milli Nebitgaz Kompaniýasyndan” (NaPeCo) we “Mitro International Limited” kompaniýasyndan ybarat bolan “Hazar” konsorsiumy ASPTN magistral we çig mal nasoslarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin aşakdaky Ýüztutma boýunça bazary öwreniş sowalnamasyny geçirýär.

26.01.2024ý., Ýüztutma № 222 ASPTN magistral we çig mal nasoslarynyň ätiýaçlyk şaýlary (45 pozisiýa).

Bazary öwreniş sowalnamasyna gatnaşmak üçin:

Bazary öwreniş sowalnamasyna gatnaşmak isleýän dalaşgäriň ýüztutmasyny (ygtyýarly adamlaryň goly bolan, kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan, habarlaşmak üçin maglumatlar we elektron poçtanyň adresi görkezilen resmi blankada erkin görnüşde) taýýarlamaly we aşakda görkezilen elektron salgysyna ugratmaly;

Türkmenistanly telekeçiler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolmaly hem-de şahadatnamasynyň nusgasyny görkezmeli.

Ýüztutmalar 2024-nji ýylyň 6-njy martyna çenli (ýerli wagt bilen 18.00) çenli kabul edilýär.

Maglumaty almak, ýüztutmanyň mazmuny bilen tanyşmak we ýüztutmany almak işleri elektron poçta arkaly ýa-da aşakda görkezilen salgy boýunça amala aşyrylýar:

745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, kwartal 216, “Hazar” konsorsiumyň edara binasy

Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 61 76 -54 -88
+993 61 88-22-95

Elektron salgylar:
sergey.radko@mitromos.com
igor.savochkin@mitromos.com

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

16:58 Awgust 05, 2026
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026