HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID zenanlar üçin maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda täze mümkinçilikleri açýan taslamany işe girizýär

Fewral 22, 2024 | 10:35 |8980
ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) “Sanly Çözgüt” kompaniýasy we “Sanly Bilim” bilim merkezi bilen bilelikde telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmäge gönükdirilen täze taslamany işe girizýär.ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) “Sanly Çözgüt” kompaniýasy we “Sanly Bilim” bilim merkezi bilen bilelikde telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmäge gönükdirilen täze taslamany işe girizýär.
Çeşme: gazeta.uz

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) “Sanly Çözgüt” kompaniýasy we “Sanly Bilim” bilim merkezi bilen bilelikde telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmäge gönükdirilen täze taslamany işe girizýär. “Zenanlaryň arasynda “Salesforce” işläp taýýarlaýjylar üçin okuw kursy” diýlip atlandyrylýan bu taslama maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda zenanlaryň iş üpjünçilik mümkinçiliklerini ösdürmegi maksat edinýär.

Taslamanyň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýaşaýan we 18 ýaşdan geçen zenanlar web-işläp taýýarlamalar we maglumat tehnologiýalaryny dolandyrmak boýunça bilimleri alarlar. Bu olara özleriniň özbaşdak işlerini açmagyna şert döreder. Mundan daşary, olar bu ugurda ozal bar bolan ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirerler.

Okuw taslamasy martdan sentýabr aýyna çenli 6 aýlap dowam edýär. Okuw möwsümi 5 tapgyrda geçiriler: “Salesforce” okuwlary, Ýörite maksatlar üçin iňlis dili, şahsy ösüş tälimleri: hünär endikleri ösdürmek, “Dreamforcer” hakatony, jemleýji pitç-güni.

Taslama gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän zenanlar 3-nji marta çenli özleriniň arzalaryny tabşyrmalydyrlar. Taslama gatnaşjaklaryň orun sanynyň çäkli bolandygy sebäpli, dalaşgärler bäsleşik esasynda seçilip alnar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026