BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki transport boýunça komiteti Türkmenistanyň işine ýokary baha berdi


2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy Ženewada geçýän Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki transport boýunça komitetiniň 86-njy mejlisine gatnaşdy. ABŞ, Niderlandlar, Nigeriýa we Saud Arabystany ýaly ýurtlaryň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda ýurdumyzyň Agentliginiň başlygy hem “ýaşyl port” halkara ölçeglerine esaslanyp taslamalaşdyrylan we gurlan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mysalynda “2050-nji ýyla çenli içerki transporty dekarbanizasiýa geçirmek boýunça milli garaýyşlar we syýasy ambisiýa” atly tema bilen çykyş etdi. Şeýle hem BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy, Halkara ýol federasiýasy (IRF) we BMG-niň söwda we ösüş boýunça maslahaty (UNCTAD) ýaly halkara guramalaryň wekilleri çykyş etdiler.
Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, şeýle hem ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagy dowam etmäge hem-de önümçilikde ýokary tehnologiýalaryň paýyny giňeltmäge, pudaklary sanlylaşdyrmaga, makroykdysady we maliýe durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilendir.
Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak maksady bilen, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň her bir terminalynda bioarassalaýjylar, şeýle hem elektrik energiýasynda işleýän enjamlar ornaşdyryldy. Portda “daşky gurşawa zyýan ýetirýän galyndylary we zyňyndylary minimuma çenli azaltmak” ýörelgesinden ugur alynýar.
Parnik gazlarynyň we metanyň atmosfera zyňylmagy netijesinde döreýän ýaramaz täsirleri peseltmek hem-de aradan aýyrmak Türkmenistanyň ekologiýa strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir.
Türkmenistan gämilere ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň çäklerinde halkara talaplaryny berjaý etmek maksady bilen “Bunker ýangyjy bilen hapalamakdan ýeten zeper üçin raýat jogapkärçiligi barada halkara konwensiýasyna” (BUNKER-2001) goşulmak boýunça degişli işler alyp bardy we bu işler ýakynda Halkara deňiz guramasy tarapyndan makullanyldy. Bu işler Konwensiýa Türkmenistan üçin 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinden güýje girer.
Mejlise gatnaşyjy ýolbaşçylar içerki transportda parnik gazlarynyň zyňyndysyny peseltmek boýunça alnyp barylýan işler we bu ugurda toplanan tejribesi barada gürrüň berdiler. Şunda Ýer ýüzi boýunça parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň 72 göterimini transport pudagyna degişlidigine üns çekildi.
Biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna, hususan-da, energetika, senagat we ulag ýaly ugurlara ekologiýa taýdan arassa we energiýa tygşytlaýjy häzirkizaman tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrýandygyny bellemek gerek. Muňa mysal hökmünde 2023-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen ISO 14001 güwanamany, “Ekologiýa menejment ulgamy” we “EcoPorts” halkara güwanamany görkezmek bolar.
Bu çäre 23-nji fewrala çenli dowam eder. Agentligiň ýolbaşçysy durnukly ulag we sanlylaşdyrmak temalary boýunça geçirilýän ugurdaş çärelerde hem çykyş eder.
ORIENT news








