HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Lukmançylyk hünärinde bilim alýan türkmen talybynyň göreldeli işi belarus neşirinde beýan edildi

Fewral 17, 2024 | 22:48 |9931
"Belarus segodnýa" atly neşirýat öýi özüniň "sb.by" web-saýtynda "Kliniki ölümden soň hassany halas etdi: Minskiýniň 4-nji hassahanasynda Belarusyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanly talyp zähmet çekýär" ady bilen makala ýerleşdirdi."Belarus segodnýa" atly neşirýat öýi özüniň "sb.by" web-saýtynda "Kliniki ölümden soň hassany halas etdi: Minskiýniň 4-nji hassahanasynda Belarusyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanly talyp zähmet çekýär" ady bilen makala ýerleşdirdi.
Çeşme: sb.by

"Belarus segodnýa" atly neşirýat öýi özüniň "sb.by" web-saýtynda "Kliniki ölümden soň hassany halas etdi: Minskiýniň 4-nji hassahanasynda Belarusyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanly talyp zähmet çekýär" ady bilen makala ýerleşdirdi. Bu makalanyň gahrymany Belarusyň baş lukmançylyk ýokary okuw mekdebinde bilim alýan 6-njy ýyl talyp Aman Alymowdyr.

Häzirki wagtda ol özüniň okuwyndan daşary Minskiýniň kliniki hassahanasynda gijeki nobatçylykda şepagat dogany bolup işleýär. Ol geljekde 2 ýyllyk ordinatura okuwyny okamagy hem meýilleşdirýär. Ol geljekde ýokary bilimli rewmatolog bolar. Türkmenistanly talybyň lukmançylyk hünärine aralaşyşy we şepagat doganynyň iş tertibi barada gürrüň berýän makala Amanyň kliniki ölümden soň hassany halas edişi bilen bagly täsin wakany hem beýan edýär.

2-3 (1).jpg

Ildeşlerimiziň eden ýagşy işleri baradaky şunuň ýaly makalalary okamak adamlarda ýakymly duýgulary oýaryp, hemmeleri buýsandyrýar. Makalada bir ýerde düzediş girizmek möhüm. Onda aýdylyşyna görä, hamala Türmenistanda rus dilini az sanly adamlar bilýär. Gözli şaýat hökmünde biz rus dilini bilýän adamlaryň biziň ilimizde az däldigini arkaýyn aýdyp bileris.

Muňa mysal edip, ýakynda altapress.ru neşirinde Russiýanyň "Altaý-gid" syýahatçylar klubynyň ýolbaşçysy Dmitriý Ýuroçkiniň Türkmenistana amala aşyran ilkinji syýahaty barada özünde galan täsirleri beýan edilýär.

Makalada "Ilkinji gözümize ilen zat - bu ýerli ýaşaýjylaryň ählisiniň rsu dilini oňat bilýänligidir. Olaryň ählisi sypaýyçylykly we gowy adamlar" diýip, Ýuroçkin belleýär. Türkmenistana amala aşyran iň uzak syýahaty barada bolsa, ol: "Owganystan bilen serhede golaý bu ýerde ýaşaýan ýaşaýjylar hem rus dilinde gowy gepleýärler" - diýip belleýär.

Ýakynda Aşgabatda geçirilen metbugat brifinginde Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin: "Biziň bu ýerde rus diliniň meşhurlygyny we möhüm ähmiýetini duýýandygymyza örän şatdyrys" diýip belledi.

Belarusyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanly talyp baradaky makalany şu salgy boýunça asyl nusgada okap bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026