Küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde lebaply gyzlar altyn medallaryň ählisini aldylar


Aşgabatda 14, 16 we 18 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň nusgawy küşt bäsleşigi jemlendi. Bu ýerde medallar toplumynyň 6-sy ugrunda duşuşyklar geçirildi.
Garaşylyşy ýaly, Lebabyň küşt mekdebini geçen ýaşlar beýleki sebitlerden gelen küştçilerden görnetin tapawutlandylar. Olar alty altyn medalyň dördüsini eýelemegi başardylar. Lebaply gyzlar zenanlaryň bäsleşigini ynamly ýeňişler bilen jemlediler.

16 ýaşa çenli gyzlaryň bäsleşiginde 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony Gülmira Seýilhanowa geçiren partiýalarynyň ählisinde ýeňiş gazandy (mümkin bolan 9 utukdan 9-syny hem eýeledi). Şeýlelikde, ol iň ýakyn gelen bäsdeşinden — Lebap welaýatyna wekilçilik etmek bilen, ikinji orny eýelän Mähri Aýmakowadan 2 utuk artyk toplady. Üçünji orny Mary welaýatynyň 6 utuk gazanan küştçisi Jennet Ýalkanowa eýeledi.

14 ýaşa çenli gyzlaryň ýaryşynda hormat münberiniň ähli basgançaklarynda Lebap welaýatynyň türgenleri ornaşdylar. Altyn medal ugrunda ozal ýurdumyzyň çempionlary bolan ýetginjekler Jahan Rejepowa hem-de Mähri Agamyradowa göreşdi. Dargynly bäsleşikde 8,5 utuk jemlemegi başaran Jahan Rejepowa ýeňiji boldy. Ondan bary-ýogy ýarym utuk yza galan Mähri hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykmaga hukuk gazandy. Öňdäki üçlügi geçen hepde 12 ýaşly gyzlaryň bäsleşiginde hem üçlüge girmegi başaran 12 ýaşly Nurhan Babanazarowa jemledi.

18 ýaşly gyzlaryň ýaryşynda üçünji tapgyrdan bäri ynamly öňde barýan 17 ýaşyndaky Leýla Şöhradowa ýeňşe ýetdi. Ol 7, 5 utuk toplady. Ikinji ýere uzak wagtlyk arakesmeden soň küşde dolanyp gelen Bägül Ezizowa mynasyp boldy. Bägül ýeňijiden bary-ýogy ýarym utuk yza galdy. Geçen ýylyň zenanlar ligasynyň çempiony hem-de wise-çempiony, FIDE-niň ussady Lala Şöhradowa hem-de sport ussatlygyna dalaşgär Merýem Agajanowa 6,5 utukdan topladylar. Goşmaça görkezijiler Lalanyň üçünji orny eýeländigini äşgär etdi.

Şu ýyl 17 ýaşly oglanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezen lebaply mekdep okuwçysy Serdar Baýramow bilen aşgabatly Resul Begmyradowyň arasyndaky ýiti bäsdeşlik 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň ýaryşyny has-da gyzyklandyrdy. Olaryň ikisi hem 7, 5 utuk toplamagy başardylar. Goşmaça görkezijiler Serdaryň hormat münberiniň birinji basgançagynda ornaşmagyny şertlendirdi. Lebap welaýatyndan bolan mekdep okuwçysy Ilhan Çaryýew üçünji orna eýe çykdy.

18 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda bolsa Aşgabatda ýerleşýän Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň okuwçylary Amanmuhammet Hommadow bilen Ahmet Gubataýewiň arasynda dartgynly göreş bellige alyndy. Ikisi-de 8 utuk jemlän küştçilerden kimiň birinji orny eýeländigini goşmaça görkezijiler kesgitledi. Şunlukda, ýeňiş Amanmuhammediň tarapynda boldy. Bürünç medalyň ykbalyny hem goşmaça görkezijiler kesgitledi. Bu orna 6,5 utuk toplan Baýram Baýramow mynasyp boldy.

14 ýaşlylaryň bäsleşiginde öňdäki orunlaryň üçüsini hem has ýaş küştçiler eýelediler. 11 ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasyndaky çempionata gatnaşyjy Alihan Batyrow (Mary) birinji orny hiç kime bermedi. Ol 8 utuk toplamagyň hötdesinden geldi. Şondan ýarym utuk yza galan Aly Ahmedow (Aşgabat) ikinji, Rauf Ýusupow (Mary) bolsa üçünji boldy.
Nusgawy küşt boýunça geçirilen ýaryşda 9 medal gazanan (4 altyn, 2 kümüş hem-de 3 bürünç medal) Lebap welaýatynyň ýygyndysy toparlaýyn hasapda öňe saýlandy. Aşgabatly ýaşlaryň 4 medal (1 altyn, 1 kümüş hem-de 2 bürünç medallar), Ahal welaýatynyň toparynyň bolsa 1 bürünç medal gazanandygyny bellemelidiris.

Nusgawy küşt boýunça guralan ýaryşa 200-den gowrak küştçi gatnaşdy. Şu gün — 9-njy fewralda rapid ýaryşy başlanar. Şenbe güni — 10-njy fewralda bolsa blis boýunça medallar ugrundaky göreşe badalga berler.
Ýaryş baradaky ähli maglumatlar şu salgyda şu salgyda elýeterlidir.
ORIENT news








