HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm ulag merkezine öwrülip biler

Ýanwar 29, 2024 | 16:47 |8694
Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm ulag merkezine öwrülip biler. Biziň ýurdumyzda Hazar deňzinde häzirki zaman port infrastrukturasy bar, kontinentdäki harytlaryň üstaşyr geçirilmegi üçin halkara geçelge hökmünde ähmiýeti artýar diýip, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginň  Baş direktorunyň orunbasary Batyr Annaýew, Brýusselde “Global Gateway” Maýa goýum forumynyň açylyşynda aýdyp geçdi.Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm ulag merkezine öwrülip biler. Biziň ýurdumyzda Hazar deňzinde häzirki zaman port infrastrukturasy bar, kontinentdäki harytlaryň üstaşyr geçirilmegi üçin halkara geçelge hökmünde ähmiýeti artýar diýip, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginň  Baş direktorunyň orunbasary Batyr Annaýew, Brýusselde “Global Gateway” Maýa goýum forumynyň açylyşynda aýdyp geçdi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm ulag merkezine öwrülip biler. Biziň ýurdumyzda Hazar deňzinde häzirki zaman port infrastrukturasy bar, kontinentdäki harytlaryň üstaşyr geçirilmegi üçin halkara geçelge hökmünde ähmiýeti artýar diýip, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginň Baş direktorunyň orunbasary Batyr Annaýew, Brýusselde “Global Gateway” Maýa goýum forumynyň açylyşynda aýdyp geçdi.

Forum, Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň we beýleki ýurtlaryň hökümet wekillerini, maliýe guramalaryny, işewür wekillerini bir ýere ýygnady. Gatnaşanlar Trans-Hazar ulag geçelgesini Ýewropa we Merkezi Aziýany birleşdirýän multimodal we täsirli ugra öwürmek üçin zerur maýa goýumlaryny we çäreleri ara alyp maslahatlaşýarlar.

Batyr Annaýew Türkmenistanyň ulag mümkinçiliklerini hödürläp, soňky ýyllarda ýurduň demir ýollar, gara ýollar, howa we deňiz ýollary ýaly infrastrukturany ösdürmäge işjeň maýa goýandygyny aýtdy. Häzirki wagtda bäş müň kilometrden gowrak polat ýollar sebitleriň arasynda ygtybarly aragatnaşygy üpjün edýär we ol möhüm tranzit potensialyna eýedir. Ýylda 25 million tonna kuwwatlylygy bolan Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty, ýurduň günbataryndaky dünýä söwda ýollaryna girýän esasy ulag merkezidir. Awiasiýa pudagynda ýurtda ýedinji howa menziliniň gurluşygy ýaly täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli howa menzilleriniň kuwwatyny sagatda 3800 ýolagça çenli artdyrar. Ýük daşamak logistikasy üçin strategiki ähmiýete eýe bolan 600 kilometrlik Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň ikinji bölümi işe girizilmäge taýýarlanýar.

Брюссель 2 в текст.jpeg

Şol bir wagtyň özünde, ulag pudagyna maýa goýumlarynyň döwlet goldaw mehanizmlerine aýratyn üns berilýär. Hususan-da, daşary ýurt maýadarlary ýerli maýadarlar bilen deň hukuklara eýedir. Olar kärhanalara eýeçilik edip we dolandyryp bilerler, hususylaşdyrmaga gatnaşyp bilerler, döwlet satyn almalaryna hem girip bilerler we beýleki ýeňilliklerden peýdalanyp bilerler. Ösüşi maliýeleşdirmegi bahalandyrmagyň netijelerine görä, maliýe akymlarynyň umumy mukdarynda döwlet býudjet girdejileriniň iň uly paýy 36,2%, hususy maýa goýumlary 34%, bank pudagyndaky karzlar 16,5%-dir.

Üpjünçilik zynjyryny dolandyrmakda häzirki zaman şertlerinde Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndan geçýän ulag ýollary diňe bir durnukly we howpsuz ulag ulgamyny gurmak üçin uly mümkinçilikleri hödürlemän, eýsem Ýewropa kompaniýalary üçin hem maýa goýum mümkinçiliklerini hödürleýär. “Bu nukdaýnazardan, ulag infrastrukturasyny ösdürmek, ulag akymlaryny dolandyrmak üçin sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak isleýäris, "Şeýle hem, bar bolan logistika mümkinçiliklerinden peýdalanmak we Türkmenistanda täze serhetaşa söwda we logistika merkezlerini döretmek isleýän Ýewropadaky esasy logistika operatorlaryny garşylaýarys" – diýip Batyr Annaýew aýtdy.

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ÝB-niň ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy sebitdäki ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm goşantdyr diýip, ol ähli gyzyklanýan taraplary ulag hyzmatdaşlygy taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga çagyrýandygyny belledi.

Брюссель 2 в текст (2).jpeg

Brýusseldäki häzirki gepleşik, Hazar geçelgesiniň ösüşinde we göze görnüp duran netijelere tarap täze sahypa açýar, bu ýerde ulag ulgamy ÝB-Merkezi Aziýanyň giňeldilen we çuňlaşdyrylan gatnaşyklarynyň bir bölegi hökmünde görülýär. Forumy açylyşynda Ýewropa Komissiýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowskis, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar boýunça ýokary wekili Žozep Borrell, ulag pudagynyň ýolbaşçylary we Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň hökümetleriniň wekilleri çykyş etdiler.

Forumyň ilkinji gününde Merkezi Aziýada ulaglaryň durnukly aragatnaşygyny üpjün etmek üçin birnäçe anyk borçnamalar yglan edildi. Ugurdaş tematiki sessiýalarda Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda tranzit wagtyny azaltmak, amaly netijeliligi ýokarlandyrmak, multimodallyk we logistika nukdaýnazaryndan ýerüsti ulag infrastrukturasyny we beýleki aragatnaşyk meselelerini gowulandyrmak mümkinçilikleri gözden geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026