Global Gateway: Brýusselde ÝB-niň Trans-Hazar geçelgesine 10 milliard ýewro maýa goýmak çözgüdi yglan edildi


ÝB we Merkezi Aziýa ulag baglanyşyklary boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumy şu gün, 29-njy ýanwarda Brýusselde açyldy, ol Ýewropa, Merkezi Aziýa, Kawkaz we Türkiýe we “G7-Uly ýedilik” hökümetlerini, maliýe guramalaryny, işewür we raýat jemgyýetlerini bir ýere jemledi. Ýewropa Komissiýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowskis foruma gatnaşýan Ýewropa we halkara maliýe guramalarynyň Merkezi Aziýada durnukly ulag aragatnaşygyny goldamak we maýa goýmak üçin 10 milliard ýewro berjekdigini habar berdi.
Maýa goýum forumynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorunyň orunbasary Batyr Annaýew, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Bekmyrat Işangulyýew, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory Merdan Bäşimow şeýle hem Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow girdi.

Forumyň dowamynda gatnaşyjylar 15 günüň içinde Trans-Hazar ulag koridoryny häzirki zaman, multimodal we täsirli ugra öwürmek üçin zerur maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Maýadarlar forumy 2023-nji ýylyň iýunynda Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçylygyndaky we Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky tarapyndan geçirilen “Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag aragatnaşyklary” atly gözlegiň netijelerine esaslanýar. Olar 2023-nji ýylyň maý aýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen 2-nji ÝB-Merkezi Aziýa ykdysady forumynda hödürlendi.
Türkmen wekiliýeti birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi hem meýilleşdirýär.
ORIENT news








