Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisi ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdy


Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Ahmet Demirok ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdy.
Metbugat maslahatynda eden çykyşynda türk diplomaty umumy taryhy, dili, dini yanançlary we medeniýet bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini belledi. Bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine soňky ýyllarda has ýygjam häsiýete eýe bolan ýokary derejedäki özara saparlar oňyn şert döretdi.
Türkmen halkynyň milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki döwletleriň guramasynyň nobatdan daşary maslahatyna gatnaşmak üçin geçen ýylyň 16-njy martynda amala aşyran sapary we geçen ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ankaraa şäherine bolan resmi sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna uly goşant goşdy.
Ilçiniň sözlerine görä, soňky 4 ýylyň içinde Türkmenistanyň we Türkiýäniň söwda dolanyşygynyň möçber 2 esse artdy. 2022-nji ýylda iki ýurduň özara söwda dolanyşygynyň möçberi 2,1 milliard dollara ýetdi. Geçen 2023-nji ýylda türk kompaniýalary Türkmenistanda jemi bahasy 3,2 milliard dollar bolan 7 taslamany durmuşa geçirdiler.
“Biziň ýurtlarymyz ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Söwda gatnaşyklarynyň oňyn ösýän häzirki wagtyny göz öňünde tutup, biz ýakyn wagtda özara söwdanyň möçberini ýene-de artdyrylar we bu möçberi 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmek ugrundaky maksadymyza ýetiriler diýip aýdyp bileris” diýip, Ahmet Demirok belledi we türk kompaniýalarynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşmak ugrundaky gyzyklanmalaryny mälim etdi.
Türkmenistan garaşsyz bolaly bäri, türk kompaniýalary Türkmenistanda umumy bahasy 50 milliard dollardan geçýän 1 müň 80-e golaý taslamany durmuşa geçirdi. Bu Türkmenistanyň türk kompaniýalaryna bildirýän uly ynamynyň nyşanydyr.
Diplomat medeniýet ulgamynda iki ýurduň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraljak çärelere ilçihananyň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Ilçihana Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäni medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen bagly çäreleri guramakda öz tarapyndan ýardam etmäge taýýardyr. Ulag-logistika we energetika temasyna ünsi çekmek bilen, Ahmet Demirok Türkiýäniň gaz merkezi bolmak babatda ädýän anyk ädimleri barada durup geçdi. Häzirki wagtda Türkiýe Transanatoliýa gaz geçirijisi (TANAP) arkaly Hazar deňziniň düýbünden çykarylýan uglewodorod serişdelerini Ýewropa akdyrýar. Has takygy, Hazar deňziniň azerbaýjan bölegindäki “Şahs Deňiz” ýatagyndan gazylyp alnan tebigy gaz Türkiýäniň üsti bilen Günorta gaz geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Transadriatik gaz geçirijisi (TAP) arkaly iberilýär.
“Türkmenistan diňe bir tebigy gazy eksport etmekde däl, eýsem, bar bolan mümkinçiliklerine we täze gurulýan energetika desgalarynyň hasabyna elektrik energiýasyny hem daşary ýurtlara ibermekde ägirt uly kuwwatlyklara eýedir. Ýakyn wagtda türkmen gazynyň we elektrik energiýasynyň günbatar bazarlaryna iberilip başlanjakdygyna umyt bildirýäris” diýip, ilçi aýtdy.
Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän türkmenistanly ýaşlaryň sany her ýyl artýar. Häzirki wagtda Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde 15 müňe golaý türkmen ýaşlary bilim alýar.
Ýakynda Türkiýäniň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýörite talyp hakly bilim maksatnamasy hem açyldy. Onuň üsti bilen daşary ýurtly raýatlar dürli bilim derejeleri boýunça talyp hakyny almak bilen Türkiýede öz okuwlaryny dowam etdirip bilerler.
ORIENT news








