HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Hazarüsti söwda ýoly boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny maslahatlaşýar

Ýanwar 25, 2024 | 14:15 |9835
Türkmenistanyň wekiliýeti geçirilýän Hazarüsti söwda ýoly boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşkent şäherinde geçirilýän çärä gatnaşýar.Türkmenistanyň wekiliýeti geçirilýän Hazarüsti söwda ýoly boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşkent şäherinde geçirilýän çärä gatnaşýar.
Çeşme: “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

Türkmenistanyň wekiliýeti geçirilýän Hazarüsti söwda ýoly boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşkent şäherinde geçirilýän çärä gatnaşýar.

Çäre ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Täjirçilik hukugy maksatnamasy tarapyndan Hazarüsti söwda ýoluny giňeltmek boýunça taslamasynyň çäklerinde geçirilýär.

Degişli çärä türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, hususy ulah-logistika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Çärä gatnaşmaga Gazagystandan, Gruziýadan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan wekiller geldiler.

Hazarüsti söwda ýoly boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy özenini düzdi. Onuň netijeli durmuşa geçirilmegi üçin Hazarüsti söwda ýolunyň Energetika we utgaşdyryjy geňeşini döretmek hem-de olaryň wezipelerini kesgitlemek teklip edildi.

Gatnaşyjylar şeýle hem ýükleri daşamaga gatnaşýan pudaklaryň işini sanlylaşdyrmak meselelerini hem maslahatlaşdylar.

Bu taslama sebitde ykdysady ösüşi we özara arabaglanyşygy ösdürmek boýunça “C5+1 görnüşdäki diplomatiýa gatnaşyklarynyň” maksatlaryna ýetmäge ýardam eder. Taslamanyň çäklerinde halkara söwda ýollaryny ösdürmekde amatly şertleri döretmek üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň, şeýle hem Azerbaýjanyň we Gruziýanyň hususy düzümleriniň teklipleri öwreniler. Bu işler Hazarüsti söwda ýolunyň işini giňeltmäg ylalaşylan sebit tagallalary boýunça täze pikirleri özara alyşmaga, serhetden üstaşyr geçmek we gümrük işini sazlaşykly ýola goýmaga ýardam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

14:00 Noýabr 09, 2026