Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby Ukrainada tanyşdyryldy

Ýanwar 24, 2024 | 11:22 |7082
23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy habar berýär.

Çärä Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplar, türkmen diasporasynyň wekilleri we diplomatlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny barada belläp geçdiler. Ilçihananyň diplomatlary hem öz gezeginde 2023-nji ýylda Türkmenistanyň esasy üstünlikleri barada durup geçdiler we “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary astynda geçen ýylda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» durmuşa geçirilmegine ünsi jemlediler. Döwlet Baştutanynyň türkmen ýaşlarynyň durmuş-ykdysady, medeni, ynsanperwer we beýleki ugurlardaky işlerine, gazananlaryna, ýaşlaryň häzirki we geljek nesli üçin ýan kitaby bolup durýandygy bellenildi.

Ýaşlaryň ýurduň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybarat bolan Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Soňra çäre talyplaryň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Bu çäräniň çygrynda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bagt ýoly” goşgusyna milli saz guralda ýerine ýetirilen aýdym çärä gatnaşyjylar tarapyndan joşgun bilen garşylandy.

Bu ýerde guralan sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň türkmen we ukrain dillerinde neşir edilen köp sanly kitaplary görkezildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026